2-4-nji oktýabrda Malaýziýa döwletiniň Kuala-Lumpur şäherinde geçirilen «INTAC-2026» halkara syýahatçylyk sergisine Türkmenistanyň syýahatçylyk işi bilen meşgullanýan kärhanalarynyň birnäçesi gatnaşdylar. «Döwletli jahan», «Gadymy miras», «Eşretli syýahat» syýahatçylyk kärhanalary serginiň giň zalynda, Türkmenistanyň pawilýonlarynda ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini mahabatlandyrýan wideorolikleri we bukletler hem-de milli sowgatlyk önümleri bilen çykyş etdiler. Şeýle hem sergä gatnaşan daşary ýurtly myhmanlara türkmen tagamlaryny hödürlediler. Aşgabat-Kuala-Lumpur-Aşgabat göni howa gatnawlarynyň ýola goýulmagy, Türkmenistan bilen Malaýziýa döwletiniň arasynda syýahatçylaryň akymyny has-da köpeltmek üçin örän ähmiýetlidir. Malaýziýa bilen syýahatçylyk gatnaşyklarynyň işjeňleşmegi, bu ýurtdan ýurdumyza gelýän we ýurdumyzdan syýahat etmek maksady bilen gidýän syýahatçylaryň sanynyň artmagyna itergi berýär. Gadymy Merw, Köneürgenç we Nusaý ýaly taryhy ýadygärliklerimizi halkara syýahatçylyk sergilerinde we syýahatçylyk platformalarynda mahabatlandyrmak, taryhy ýadygärliklerimiz barada gyzykly maglumatlary ýaýratmak arkaly ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçilikleri dünýä ýaýylýar.
Çeşme: medeniyet.gov.tm
PDF








