7-nji martda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan çuň guýularda barlag işlerini geçirmek hem-de uglewodorod serişdelerini çykarmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Nygtalyşy ýaly, nebitgaz toplumyna degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan nebiti we gazy çykarmak bilen bagly işleri netijeli ýerine ýetirmek babatda zerur çäreler amala aşyrylýar. Hususan-da, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebit çykarmakda adaty guýulardan tapawutly bolan çuň guýularyň önümli gatlaklaryny barlamak hem-de özleşdirmek işini halkara tejribä laýyklykda alyp barmak zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, guýularyň önümçiligini ýokarlandyrmak we täze çuň guýulary burawlamak üçin nebitgaz ýataklarynda döwrebap ugurdaş enjamlar, tehniki serişdeler bilen üpjün etmek babatda ähli şertler döredilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda nebitiň çykarylýan möçberini artdyrmak üçin «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli kämilleşdirip durmagyň wajypdygyny belledi hem-de nebitgazly känlerde çuňlugy 7 müň metrden geçýän guýularda degişli işleri geçirmäge mümkinçilik berjek täze enjamlar we serişdeler bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi wise-premýere tabşyrdy.