1959-njy ýylyň 9-njy martynda “Barbie” gurjagy Nýu-Ýorkda geçirilen Amerikan Halkara oýunjak sergisinden ilkinji gezek köpçülige görkezilýär. Dünýä belli oýnawaçlaryň hatarynda legolar bilen bir hatarda “Barbie” gurjaklary hem uly islegden peýdalanýar. Gyzjagazlaryň arzuwy bolan şeýle gurjagy “Mattel” amerikan kompaniýasy öndürýär. Bu kompaniýa häzirki wagtda oýnawaç satuwynda dünýäde ikinji ýerde durýar. Ol ilkinji gezek 1959-njy ýylda satuwa çykarylypdyr. 1990-njy ýyldan bäri “Barbie” dünýäniň iň köp isleg bildirilýän oýnawaçlarynyň hatarynda durýar. Ony ABŞ-ly zenan işewür Rut Hendler (Ruth Marianna Handler) döredýär. Ol bu gurjaga öz gyzy Barbaranyň adyny goýýar. Handler öz gyzjagazynyň “ulugyz gurjaklaryny” has gowy görýändigini aňýar. Şol wagtda çenli şeýle gurjaklar kartondan ýasalýan eken. Şeýlelikde ol daşky keşbi ulugyza çalym edýän gurjagy döredýär. Ol öz döreden gurjagyny oýnawaç öndüriji “Mattel” kompaniýasyna hödürleýär. Ähli agzalary erkekler bolan şereketiň dolandyryjylar geňeşi onuň teklibini oňlamaýarlar. Soňra ol Germaniýa gidýär we bu ýurtda satylýan “Lilli” atly gurjaga duşýar we ondan üç sanysyny satyn alýar. Onuň birini gyzyna getirip berýär. Ýene birini “Mettel” kompaniýasynyň ýolbaşçylaryna görkezmegi ýüregine düwýär. Soňra öz döreden gurjagyna eşik tikmegi üçin ýörite tikinçiler bilen işleşýär. Soňra has kämil ýagdaýa gelen gurjagy “Mattel” kompaniýasynyň ýolbaşçylaryna gaýtadan hödürleýär. Olar bu teklibi oňlaýarlar we önümçiligine başlaýarlar. 1959-njy ýyldaky halkara oýnawaç sergisine çykarylanda, myhmanlaryň ünsüni özüne çekýär. 1964-nji ýylda “Mattel” kompaniýasy “Lilli” gurjaklaryny öndüriji şereketiň hukuklaryny satyn alýar we şeýlelikde “Lilli”-niň önümçiligi duruzylýar.
Indi 65 ýyldan gowrak wagt bäri şeýle gurjaklar dünýädeki millionlarça ýurtda ýaşaýan gyzjagazlara sowgat edilýär. Şeýle hem baş gahrymany “Barbi” bolan kompýuter oýunlary, filmler we beýlekiler döredilýär. “Barbi” diňe bir “ulugyz” bolman, eýsem haýsydyr bir käriň eýesi hökmünde hem çagalara nusga bolýar. “Barbiniň” häzire çenli dürli “kärdäki” görnüşleri peýda boldy. Ilkibaşda şepagat uýasy “barbiler” has ýoň bolupdy. Soňra onuň beýleki kärdäkileri hem peýda boldy. Şeýle hem bu gurjagyň ýapon, eskimos, italýan, parižli, iňlis, koreý, gyzyltenli ýaly dürli jynsdan we milletden bolanlary hem bar.
Suratda: Rut Hendler 1961-nji ýylda “Barbie” we “Mattel” gurjaklarynyň dürli nusgalary bilen.