Ýer togalagynyň iň owadan zenany derejesine Çehiýanyň wekili Kristine Pyşkowa eýe boldy. “Miss World” bäsleşigi Hindistanyň Mumbaý şäherinde geçirildi. 24 ýaşly talyp gyz hukuk fakultetinde iş dolandyryşy ugry boýunça bilim alýar. Ol şol bir wagtyň özünde, model we meýletinçi bolup işleýär. Ol garyp çagalar üçin Tanzaniýada özüniň iňlis dili mekdebini açdy. Ol iňlis, polýak, slowak we nemes dillerinde erkin gepleýär. Aýdym-saz diňlemegi gowy görýär. Fleýta we skripka çalýar, şeýle hem at münmegi halaýar. Koko Şaneli özüniň muşdagy hasaplaýan Kristina Pyşkowa Çehiýanyň taryhynda “Miss World” derejesine eýe bolan ikinji zenandyr.