Kino sungatynyň iň abraýly baýragy hasaplanýan Oskar baýraklary gowşuryldy. 96-njy gezek geçirilen Oskaryň gowşurylyş dabarasyny belli komediýaçy Jimmi Kimmel alyp bardy. Dabarada aglaba ozaldan çaklanylýan filmdir artistler baýraga mynasyp boldy.

3,5 sagada golaý wagt dowam eden dabarada ýylyň şowly filmi “Oppenhaýmer” esasy baýraklary gazanmagy başardy. Baýrak möwsüminde başdan aýak ähli guramalaryň diýen ýaly sylaglaryny çöpläp gelýän “Oppenhaýmer” filmi Oskar bilen baýrak möwsümini jemledi.

13 ugurdan dalaşgär görkezilen “Oppenhaýmer” filmi 7 ugur boýunça Oskara laýyk görüldi. Iň gowy film saýlanan ekran eserini surata düşüren Kristofer Nolan iň gowy režissýor diýlip saýlandy. Ussat režissýor ilkinji gezek Oskar baýragyna laýyk görüldi. “Oppenhaýmer” filmi “Ýüzükleriň hökümdary: şanyň gaýdyp” (The Lord of the Rings: The Return of the King, 2003) gelmegi filminden soň iň gowy film saýlanan iň köp girdeji gazanan 2-nji ekran eseri boldy.

Filmde baş keşbi janlandyran Kilian Mörfi iň gowy aktýor, şeýle-de, Robert Dawni Junior ikinji plandaky iň gowy aktýor diýlip saýlandy. Filmde ýaňlanýan sazlaryň awtory, belli kompozitor Ludwig Goransson iň gowy saz baýragyna laýyk görüldi. “Oppenhaýmer” filmi tehniki ugurlar boýunça-da 2 baýrak gazandy. Filmiň operatory Hoýte wan Hoýtema hem-de montažçysy Jennifer Lame degişlilikde, iň gowy operator hem-de iň gowy montaž baýraklaryna mynasyp boldular.

Dabarada “Oppenhaýmerden” soň iň köp baýrak gazanan 2-nji kino “Görgüli betbagtlar” (Poor Things) bolup, gresiýaly režissýor Ýorgos Lantimosyň bu özboluşly kinosy 4 heýkeljik aldy. Filmde baş keşbi janlandyran Emma Stoun iň gowy aktrisa baýragyna laýyk görlüp, “La La Lend” filminden soň 2-nji Oskaryny gazanmagy başardy. Ady agzalan film iň gowy çeperçilik bezegi, iň gowy makiýaž we saç bezegi hem-de iň gowy grim ugurlaryndan ýeňiji boldy.

96-njy Oskar dabarasynda 1-den köp baýrak gazanan 3 kinonyň iň soňkusy Jonatan Gleýzeriň “Gyzyklanma zolagy” (The Interest of Zone) filmi bolup, ol iň gowy halkara film diýlip saýlandy. Şol sanda iň gowy ses baýragy hem bu filmiň tehniki işgärlerine gowşuryldy.

“Galdyrylanlar” (The Holdovers) filmindäki keşbi üçin Da’Win Joý Rendolf ikinji plandaky iň gowy aktrisa baýragyna mynasyp boldy.

Ssenariý baýraklary ýylyň 2 şowly çykan ekran eserlerine paýlandy. Iň gowy asyl ssenariý baýragyna “Ýykylmagyň anatomiýasy” filminiň ssenariçileri, ýagny şol sanda filmiň režissýory Žýustin Trie bilen onuň ýanýoldaşy Artur Harari laýyk görüldi. “Amerikan hekaýasy” filminiň ssenariçileri-de iň gowy adaptirlenen ssenariý baýragy bilen sylaglandy.

Ýaponiýaly ussat animeçi Haýao Miýazakiniň “Oglan we guş” atly animesi iň gowy animasiýa diýlen ugurda Oskara laýyk görüldi. Bu ekran eseri Oskar gazanan 2-nji anime hökmünde bellige alyndy.

“Mariupolda 20 gün” atly ekran eseri iň gowy dokumental film diýlip saýlandy. Wes Andersonyň “Henri Şugaryň ajaýyp hekaýasy” atly filmi iň gowy gysga göwrümli film baýragyna laýyk görüldi. Deýw Mallins bilen Bred Bukeriň bilelikde surata düşüren “War Is Over! Inspired by the Music of John and Yoko” atly multfilmi iň gowy gysga göwrümli animasiýa diýlip saýlandy. “The Last Repair Shop” atly ekran eseri-de iň gowy gysga göwrümli dokumental film baýragy bilen sylaglandy.

Meşhur aýdymçy Billi Aýliş bilen dogany Finnesas O’Konnelliň bilelikde ýerine ýetiren “Barbi” filmindäki “What Was I Made For?” atly aýdymy iň gowy aýdym diýlip saýlandy. Billi Aýliş 2 ýyl öňem “No Time to Die” atly aýdymy bilen Oskar gazanypdy.

Iň gowy wizual effektler baýragy-da ýapon filmi “Godzilla minus bir” filminiň tehniki işgärlerine berildi.

 

Iň gowy film: “Oppenhaýmer” (Oppenheimer)

Iň gowy režissýor: Kristofer Nolan – “Oppenhaýmer” (Oppenheimer)

Iň gowy aktýor: Killian Mörfi – “Oppenhaýmer” (Oppenheimer)

Iň gowy aktrisa: Emma Stoun – “Görgüli betbagtlar” (Poor Things)

Ikinji plandaky iň gowy aktýor: Robert Dawni Junior – “Oppenhaýmer” (Oppenheimer)

Ikinji plandaky iň gowy aktrisa: Da’Win Joý Rendolf – “Galdyrylanlar” (The Holdovers)

Iň gowy asyl ssenariý: “Ýykylmagyň anatomiýasy” (Anatomie d’une chute) – Žýustin Trie, Artur Harari

Iň gowy adaptirlenen ssenariý: “Amerikan hekaýasy (American Fiction) – Kord Jefferson

Iň gowy halkara film: “Gyzyklanma zolagy” (The Zone of Interest) – Jonatan Gleýzer

Iň gowy animasiýa: “Oglan we guş” (Kimitachi wa Do Ikiru ka) – Haýao Miýazaki

Iň gowy dokumental film: “Mariupolda 20 gün” (20 Days In Mariupol) – Mstislaw Çernow, Mişell Mizner, Rani Aaronson-Rot

Iň gowy gysga metražly dokumental film: “The Last Repair Shop” – Ben Praudfut, Kris Bowers

Iň gowy gysga metražly film: “The Wonderful Story of Henry Sugar” – Wes Anderson, Stiwen Reýlz

Iň gowy gysga metražly animasiýa: “War Is Over! Inspired by the Music of John and Yoko” – Deýw Mullins, Bred Buker

Iň gowy aýdym: “What Was I Made For?” – “Barbi” (Barbie) – Billi Aýliş, Finneas O’Konnell

Iň gowy saz: “Oppenhaýmer” (Oppenheimer) – Ludwig Goransson

Iň gowy operator: “Oppenhaýmer” (Oppenheimer) – Hoýte wan Hoýtema

Iň gowy montaž: “Oppenhaýmer” (Oppenheimer) – Jennifer Lame

Iň gowy ses: “Gyzyklanma zolagy” (The Zone of Interest) – Tarn Willers, Jonni Börn

Iň gowy çeperçilik bezegi: “Görgüli betbagtlar” (Poor Things) – Jeýms Praýs, Şona Hit, Suza Mihalek

Iň gowy makiýaž we saç bezegi: “Görgüli betbagtlar” (Poor Things) – Nadia Steýsi, Mark Kulier, Joş Weston

Iň gowy grim: “Görgüli betbagtlar” (Poor Things) – Holli Woddington

Iň gowy wizual effektler: “Godzilla minus bir” (Gojira Mainasu Wan ) – Takaşi Yamazaki, Kiyoko Şibuýa, Masaki Takahaşi, Tatsuži Nožima