5-nji martda Hytaýda halk wekilleriniň ählihytaý gurultaýynyň 14-nji mejlisi açyldy. 13-nji marta çenli dowam etjek maslahatda ýurduň geljegi bilen dürli meseleler gozgaldy. Şolaryň biri hem ýurtda iki ýyldan bäri dowam edýän ilat sanynyň azalmagynyň öňüni alynmagy boldy.
Mälim bolşy ýaly, Hytaý Halk Respublikasy esaslandyrylan wagtyndan bäri (1949-njy ýyl) dünýäniň iň köp ilatly ýurdudy. 1980-nji ýylda ykdysady taýdan bähbitli boljakdygy nazarda tutulyp, her bir maşgalanyň diňe bir çaga edinmegine rugsat berildi. Demografiýanyň üýtgemegi bilen 2016-njy ýylda maşgalalaryň ikinji bäbegi edinmegine rugsat berildi. 2021-nji ýyldan başlap, jübütlere üçünji çaga hem rugsat berildi. Emma çaga sanynyň çäklendirilmeginiň aradan aýrylmagy ilatyň sanynyň azalmagynyň öňüni almaga ýetmedi. Geçen 40 ýyl töweregi wagtda her bir maşgalanyň diňe bir çagasy boldy. Bu döwürde dünýä inen çagalar eýýäm orta ýaşly bolupdylar. Bu nesil aga, ini, ýegen diýen ýaly sözleri gündelik durmuşda hiç kime aýdyp bilmediler. Soňky nesiller bolsa, daýy, daýza sözlerini hem ulanmaga zerurlyk duýmady. 2022-nji ýylyň ahyrynda ýurduň ilatynyň 800 müñ töweregi azalandygy mälim edildi. 2022-nji ýylda doglan bäbekleriň sany 2016-njy ýyldakynyň ýarysy ýaly bolupdyr. Geçen ýylyň ahyrynda bolsa, azalyşyň tizliginiň hem artyp, bir ýylyň dowamynda ilatyň 2 milliondan gowrak kemändigi habar berildi. Üstesine bu ýagdaý ilatyň ortaça ömür dowamlylygynyň artandygyna garamazdan şeýle bolupdy. Bu bolsa Hytaýyň ilat sany babatda dünýäde ikinji ýere düşmegine getirdi. Birinji orna Hindistan çykdy.

Ilat sanynyň azalmagy diňe Hytaýa däl, eýsem, Günorta Koreýa, Ýaponiýa ýaly beýleki Uzak Gündogar ýurtlaryna hem degişli. Çip tehnologiýasynyň ösen ýeri bolan Taýwanyň ilatynyň hem azalýandygy bellenilýär.
Ählihytaý gurultaýynda bu meseläniň öňüni almak üçin dürli ýeňillikleriň artdyryljakdygy, pensiýa pullarynyň möçberiniň artdyrylyp, hususy pensiýa ulgamynyň kämilleşdirilip, artýan ýaşuly nesle has köp goldaw beriljekdigi mälim edildi. Ýurduň döwlet meýilnamalaşdyryş edarasy ilatyň uzak möhletli hem-de deňagramly ösüşini höweslendirjekdigini, çaga seretmegiň we okuwyň bahasyny azaltmak üçin “köpüň bähbidine çaga seretmek” taslamasynyň durmuşa geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini habar berdi. Ýurduň hökümet başlygy Li Sýan bolsa, ene-ata rugsat syýasatyny gowulandyryp, iş berijileriň degişli işçi güýjüniň bahasyny paýlaşmak mehanizminiň ösdürilip, çaga dogluşyny artdyrmaga gönükdirilen syýasaty ösdürjekdiklerini belledi.
Ilatyň “garramagy” ykdysadyýete-de agram salýar. Geljek 10 ýylyň dowamynda häzirki wagtda 50-60 ýaşlarynda bolan we iň uly demografik gatlagy emele getirýän 300 million hytaýly pensiýa çykar. Şeýlelikde olar işçi güýjünden aýrylyp, pensiýa alyp başlar. Işçi güýjüne ozalkydan az adamyň goşulmagy bolsa, pensiýany tölemekde kynçylyk döreder. Ýurtda pensiýa ýaşy erkekler üçin 60, stoluň başynda oturyp işleýänler üçin 55, zawod-fabriklerde işleýän işçiler üçin 50 ýaş. Bu bolsa, dünýäde iň pes pensiýa ýaşy hasaplanýar. Ösen ýurtlar bilen deňeşdirilende 5-6 ýaş tapawut bar.