Russiýanyň «Sber» maliýe-tehnologiýa konglomeraty tarapyndan Nikolaý Gogolyň meşhur, ýöne tamamlanmadyk «Öli janlar» romanynyň dowamy bolan «Öli janlar. Ikinji tom. Täzeden döreýiş» atly kitap satuwa çykaryldy. Eseriň doly teksti häzirki zaman «GigaChat» atly dil modeli arkaly döredilip, ol eýýäm internet arkaly sargyt edilýär, ýakyn günlerde bolsa Moskwanyň kitap öýünde, beýleki onlaýn söwda platformalarynda, kitap dükanlarynda ýaýradylar.

Bu giň möçberli taslamanyň üstünde taryhçylardan, edebiýatçylardan, dilçilerden we inženerlerden ybarat hünärmenler topary bir ýyldan gowrak wagtyň dowamynda zähmet çekdi. «GigaChat» modeline Gogolyň doly eserler ýygyndysy, hatlary, garalamalary we bellik depderçeleri, şeýle hem Aleksandr Puşkiniň, Fýodor Dostoýewskiniň we Iwan Turgenewiň eserleri okadylyp, olara filosofik hem-de Injile degişli ýazgylar, nakgaşlyk baradaky maglumatlar hem goşuldy. Taýýar bolan tekst söz baýlygy, könelişen sözler, Gogola mahsus neologizmler, uzyn sintaktik sözlem gurluşlary, grotesk, kinaýaly söhbetler we awtoryň gatnaşygy ýaly 11 sany esasy görkeziji boýunça jikme-jik bahalandyryldy.

Kitapda «GigaChat» tarapyndan döredilen 21 sany çeper surat hem ýerleşdirilip, olaryň usuly Gogol dirikä «Öli janlaryň» birinji jildini bezän Aleksandr Aginiň işlerine esaslandy. Taslamanyň esaslandyryjysy we çeper ýolbaşçysy ýazyjy Wladislaw Otroşenko, redaktory bolsa Ýekaterina Manoýlo boldy. Taslamanyň awtorlary döredilen tekstiň hut Gogolyň öz ýazany däldigini, ýöne onuň ýazyjynyň beýan ediş usulyna mümkin boldugyndan laýyklaşdyrylandygyny aýratyn belleýärler.

Ýazyjynyň özi bu eseriň üstünde köp ýyllap işlän hem bolsa, çuňňur döredijilik we ruhy çökgünlige uçrap, 1852-nji ýylyň fewralynda, ölmezinden az wagt öňinçä, ikinji jildiň saklanyp galan golýazmasynyň tas ählisini ýok edipdi, ondan diňe käbir baplar we bölekler galypdy. 1887-nji ýylda suratkeş Mihail Klodt tarapyndan çekilen «Öli janlaryň soňy (Gogol golýazmalaryny ýakýar)» atly surat hem taryhy ýadygärlik hökmünde bellidir.

Bu giň möçberli iş «Sber-iň» medeni miras bilen baglanyşykly amala aşyran nobatdaky tejribesi bolup durýar. Konglomerat mundan ozal Pýotr I-niň golýazmalaryny kesgitletmek, Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda ýitirilen surat eserlerini dikeltmek we Pýotr Çaýkowskiniň tamamlanmadyk «Mandragora» operasyny täzeden dikeltmek ýaly işleri hem amala aşyrypdy.