Formula 1 boýunça möwsümiň 2-nji ýaryşy Saud Arabystanynyň Jidda şäherinde geçirildi. Bahreýn “Gran Prisinden” soň bu bäsleşikde-de “Red Bull” topary goşa üstünlik gazandy.
Ýaryşda 50 aýlawy 1 sagat 20 minut 43,273 sekuntda geçen “Red Bull” toparynyň niderland sürüjisi Maks Werstappen 1-nji orny eýeledi. Möwsümiň 1-nji ýaryşynda-da ýeňiş gazanan Werstappen karýerasy boýunça 100-nji gezek ýeňiş münberine çykdy (56 ýeňiş, 28 gezek 2-nji ýer, 16 sapar 3-nji orun). “Red Bulluň” meksikaly sürüjisi Serhio Peres topardaşyndan 13,643 sekunt yza galyp, 2-nji orny eýeledi. “Ferrari” toparynyň monakoly sürüjisi Şarl Lekler ýeňijiden 18,639 sekunt soň pellehanadan geçip, 3-nji ona mynasyp boldy.
“McLaren” topardan awstraliýaly Oskar Piastriniň 4-nji, (“Aston Martin” toparynyň ispaniýaly piloty Fernando Alonsonyň 5-nji bolan ýaryşynda 6-7-8-9-njy orunlary britaniýaly sürüjileri paýlaşdylar. Ýagny Jorj Rassell (“Mercedes”) 6-njy, Karlos Saýns Juniora derek ilkinji gezek F1-de bäsleşen Oliwer Birman (“Ferrari”) 7-nji, Lando Norris (“McLaren”) 8-nji hem-de Lýuwis Hamilton (“Mercedes”) 9-njy orna mynasyp boldy. Haas toparynyň germaniýaly sürüjisi Niko Hulkenberg 10-njy bolup, ýaryşy 1 utuk bilen tamamlady.
Möwsümiň 2-nji ýaryşy 24-nji martda Awstraliýada geçiriler.