Formula 1 boýunça möwsümiň 13-nji ýaryşy Italiýa “Gran Prisi” Monza şäherinde geçirildi. Ýaryşa ilkinji hatardan “Alpine” toparynyň fransiýaly sürüjisi Pier Gasli başlan hem bolsa, “Mercedes” toparyndan italiýaly Kimi Antonelli ýeňiş gazandy. Ol 53 aýlawy 1 sagat 51 minut 15,281 sekuntda tamamlap, möwsümdäki 7-nji ýeňşini baýram etdi. Ol mundan öňki ýaryşda münbere çyksa-da, birinjiligi garşydaşlaryna aldyrypdy.
Ýaryşda 2-nji ýeri Antonelliniň topardaşy, britaniýaly Jorj Rassell eýeläp, ol ýeňijiden 3,857 sekunt yza galdy. Münberiň 3-nji basgançagyna bolsa “Red Bull” toparynyň niderland piloty Maks Westappen çykdy. Ol ýeňijiden 14,718 sekunt soň pellehana geldi.
“McLaren” toparynyň sürüjileri britaniýaly Lando Norris bilen awstraliýaly Oskar Piastri 4-5-nji ýerleri paýlaşdylar. “Ferrari” toparyndan Lýuwis Hamiltonyň 6-njy ýeri eýelän ýaryşynda ilkinji hatardan bat alan Pier Gasli bäsleşigi 7-nji bolup tamamlady.
Şeýlelikde, 13-nji ýaryşdan soň Kimi Antonelli 267 utuk bilen sanawda 1-nji orny eýeläp gelýär. 2-nji ýerdäki Jorj Rassell 201 utuk toplady. 3-nji basgançakdaky Lýuwis Hamiltonyň 191, 4-nji ýerdäki Lando Norrisiň 171 utugy bar.
Möwsümiň 14-nji ýaryşy Ispaniýa “Gran Prisi” 13-nji sentýabrda ýurduň paýtagty Madriddiň köçelerinde geçiriler. Ispaniýa “Gran Prisi” ilkinji gezek Madriddäki täze “Madring” trassasynda guralar. Bu ýaryş mundan öň Katalunýa Montmeloda geçirilýärdi.
PDF








