1794-nji ýylyň 14-nji martynda amerikaly senagatçy Eli Witni oýlap tapan pagta arassalaýjy maşynyna patent alýar. Bu maşyn pagtany çigidinden we harpygyndan çalt saplamaga ýardam beripdir. Ondan öň pagta el bilen arassalanyp, köp wagt alýardy. Witniniň oýlap tapyşy, zähmet öndürijiligini ýüzlerçe esse ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.