“Apple” kompaniýasy “MacBook Air” noutbuklarynyň täze görnüşini hödürledi. 13,6 dýuýmly we 15,3 dýuýmly modeller, “Liquid Retina” displeýi we M3 çipi bilen enjamlaşdyrylan täze noutbuklar, ozalky M1 çipli görnüşine garaňda 60 göterime çenli has çaltdyr. Täze enjamlaryň batareýasynyň kuwwatlylygy 18 sagada çenli ýokarlandy, bu bolsa kompýuterleriň öňki görnüşinden 30 göterim ýokadyrdyr. Ýokary tizlikli we has täsirli 16 ýadroly “Neural Engine” hereketlendirijisi, emeli aňa esaslanýan tehnologiýalar bilen iş alyp barmagy üpjün edýär. Täze önümlerde “MagSafe” zarýad berijini birleşdiriji, aksesuarlary birikdirmek üçin iki sany “Thunderbolt” porty we 3,5 mm gulaklygy bar. Noutbuklarda 1080 pikselli “FaceTime” kamerasy, “Spatial Audio” we “Dolby Atmos” tehnologiýasyny goldaýan dinamikler bar we olar iki daşky displeý bilen işlemek mümkinçiligine eýedir. ABŞ-da M3 çipli 13 dýuýmlyk “MacBook Air”- iň bahasy 1000 dollardan, M3 çipli 15 dýuýmlyk “MacBook Air”-iň bahasy 1200 dollardan başlaýar. Noutbuklar kümüşsöw, gara, çal we altyn reňklerde işläp çykarylýar. Täze önümler sargyt eden müşderilere 8-nji martdan başlap ýetirilip başlandy.
Mährem BABAMYRADOWA, Hojambaz etrabynyň ýaşaýjysy.