Hytaýda iş al barýan “GAC Toyota” bilelikdäki kärhanasy “Toýota Camry”-niň 9-njy neslini resmi taýdan hödürledi. Häzir bu ulagyň bölek satuw bahalary yglan edildi we ol deslapky sargyt nyrhlaryndan arzan bolup durýar. Onuň 2 litrlik benzin hereketlendirijili we wariator geçirijili “Camry 2.0 E Elite Edition” nusgasy “Camry” awtoulagynyň iň elýeterli modelidir. Bu nusganyň bahasy 23,9 müň dollar. Öňünden sargyt ediş tapgyrynda iň pes baha 24,5 müň dollar bolupdyr. 2 litrlik hereketlendirijisi bolan “Camry 2.0 HE Elite Edition”-iň gibrid nusgasy 25 müň dollar bolar. Şol bir 2 litrlik hereketlendirijili “Camry 2.0 HXS Sport Plus” modeli bolsa has gymmat – 28,7 müň dollar bolar. 2 litrlik gibrid modeliň kuwwaty 197 at güýjüne, ýangyç sarp edişi bolsa bary-ýogy 4,2 litr/100 km deňdir. Täze ulagyň ölçegleri 4915x 1840 x 1450 tigriniň ölçegi 2825 mm. Awtoulagyň içki dizaýny hem ýokary tehnologiýa bilen üpjün edilipdir. Ulagda “CarPlay”, “CarLife” hem-de “HiCar” mümkinçilikleri bolan media ulgamy, galyberse-de, ýüzüňden tanamak we ses dolandyryş ulgamy bar.
Mährem BABAMYRADOWA, Hojambaz etrabynyň ýaşaýjysy