Dünýäde energiýa pudagynyň sebäp bolýan metan emissiýasynyň geçen ýyl rekord derejä golaýlandygy mälim edildi. Kömrüň sarp edilişinde dünýäniň öňdebaryjy ýurdy bolan Hytaý bu ugurda öňe saýlanýar. Halkara Energiýa Agentliginiň (IEA) Global Metan Yzarlaýjysy atly maglumatynda gazylyp alynýan energiýa serişdeleriniň ulanylmagy netijesinde howa goýberilýän metan gazynyň möçberiniň ýokary derejä ýetip, 120 million tonna bolupdyr. Ýer ýüzünde metan emissiýasynyň 10 million tonnasy nahar bişirmek ýaly gündelik işlerde biomassanyň adaty usullarda peýdalanylmagy netijesinde ýüze çykypdyr. 2023-nji ýylda energiýa pudagynda ýüze çykan metan gazynyň 80 million tonnasy 10 ýurda degişli.
Dünýäniň iň köp nebit we gaz öndüriji ýurdy bolan ABŞ nebit-gaz çykarylyşynda ýüze çykýan metan gazy babatda öňdeligi eýeleýär. Bu ugurda ikinji ýerde Russiýa bar. Hytaý bolsa kömür sarp etmekde birinji ýerde durýar. Metan emissiýasy bilen bagly emeli hemralardan alnan ölçegleriň beýleki ylmy esasly maglumatlar bilen birleşdirilip taýýarlanan hasabatyna görä, geçen ýyl dünýäde anyklanan ýerasty ýangyjyň howa syzylyp çykyşy 2022-nji ýyldakydan 5 million tonnadan gowrak bolupdyr.
Ýeri gelende bellesek, global maýylganlygy 1,5 derejede saklanmagy üçin ýerasty ýangyç serişdeleriniň ulanylmagy netijesinde emele gelýän metan gazynyň 2030-njy ýyla çenli 75 göterim azaldylmaly. Bilermenler metan emissiýasyny azaltmagyň bahasynyň örän arzandygyny belleýärler.