13-nji martda hormatly Prezidentimiziň Lebap welaýatyna bolan saparyna gabatlanyp, Türkmenabat şäherinde döwrebap ýaşaýyş jaýlary açyldy hem-de täze ýolagçy awtobuslary sowgat berildi.
Türkmenabat şäherinde döwrebap jemgyýetçilik ulaglarynyň nobatdaky tapgyrynda «Toyota Coaster» kysymly orta synply awtobuslaryň 200-e golaýy, «Toyota Hiace» kysymly kiçi awtobuslaryň 10-sy ilata hyzmat etmek üçin ulanmaga berildi. Bu «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň maddy-tehniki binýadynyň pugtalandyrylmagyna, ýolagçy awtoulag hyzmatlarynyň hilini we medeniýetini ýokarlandyrmaga şert döredýär.
Asylly däplerimize eýerip, kümüş saçly mährem eneler awtobuslara sünnälenip örülen alajalary dakdylar, un sepdiler, üzärlik tütetdiler hem-de olaryň uzak wagtlap halkymyza hyzmat etmegini arzuwladylar. Hormatly ýaşulular täze awtobuslaryň mümkinçilikleri bilen içgin tanyşdylar. Täze awtobuslary kabul eden «Lebapawtoulag» önümçilik birleşiginiň sürüjileri netijeli işlemäge döredýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna hoşallyklaryny beýan etdiler.
Täze ulaglar welaýatyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny şäherýaka hem-de şäherara ugurlara gatnadar.
Awtobuslaryň hereketlendirijileri bildirilýän ekologiýa talaplaryna doly laýyk gelýär. Bu bolsa howa goýberilýän zyýanly zyňyndylaryň azaldylmagyna, şäherde arassa howanyň üpjün edilmegine mümkinçilik berýär.