13-nji martda hormatly Prezidentimiziň Lebap welaýatyna saparyna gabatlanyp, Türkmenabat şäherinde döwrebap ýaşaýyş jaýlary açylyp ulanmaga berildi.
Türkmenabat şäheriniň Bitarap Türkmenistan köçesiniň ugrunda ýerleşýän, şäheriň ýaşaýjylaryna niýetlenen 2 sany 4 gatly her biri 18 öýli, 1-nji gaty dükanlardan ybarat ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny paýly gurluşyk esasynda «Nusaý ýollary» hususy kärhanasy ýokary hil derejesinde bina edipdir. Häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyklykda gurlan täze ýaşaýyş jaýlarynyň öýleri meýdany 102,99 inedördül metrden ybarat 2 otagdan we meýdany 124,8 inedördül metre barabar bolan 3 otagdan ybarat bolup, olar gurluşygynyň ýokary hil derejesi, otaglarynyň ýerleşişiniň amatlylygy, giňligi bilen tapawutlanýar.
Täze jaýlar myhmanlara, çagalara we dynç almaga niýetlenen otaglardan hem-de häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen aşhanadan ybaratdyr hem-de öýlerde milli däp-dessurlarymyzyň berjaý edilmegi üçin ähli amatly şertler döredilipdir.