Ýurdumyzda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge, öňdebaryjy tejribeleri paýlaşmaga, bilelikdäki bilim başlangyçlaryny durmuşa geçirmäge, şeýle hem döwrebap hünär başarnyklaryna eýe bolan halkara hyzmatdaşlygynyň ösüşine goşant goşmaga ukyply ýokary hünärli döwlet gullukçylaryny taýýarlamaga aýratyn üns berilýär.
Ýurdumyz Bütindünýä söwda guramasyna goşulmak babatyndaky çärelerini yzygiderli işler bilen dowam etdirip, global söwda ulgamyna goşulmak we milli kanunçylygy halkara hukugyna laýyk getirmek ugrunda ýene-de bir strategik ädim ädýär.
Aşgabatda Aziýa Ösüş Bankynyň wekilleriniň iş sapary öz işine başlady. Bu saparyň çäginde bankyň wekiliýeti BSG-ä goşulmak prosesi baradaky tejribesini paýlaşmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda umumy sapak geçdi. Bu duşuşygyň maksady döwlet gullukçylaryna BSG-ä goşulmak boýunça gepleşikleriň barşy, agzalyk bilen bagly mümkinçilikler hem-de kynçylyklar barada maglumat bermekden we döwlet bilen işewürligiň arasynda gepleşikleri ýola goýmakdan ybaratdyr. Bu tapgyr milli söwda ulgamyny we ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmaga, ýerli kärhanalaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, eksporty giňeltmäge hem-de diwersifikasiýalaşdyrmaga, şeýle hem ýurduň uzakmöhletleýin durnukly ösüşine ýardam berip biler.
Bu sapar Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmagy bilen baglylykda, öňde goýlan maksatlara üstünlikli ýetiljekdigine bolan ynamy güýçlendirýär. Akademiýa halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyga ileri tutulýan ähmiýet berýär we şeýle guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegini dowam edýär.
Duşuşyk pikir alyşma görnüşinde geçirildi: gatnaşyjylar sorag berip, öz garaýyşlaryny beýan etdiler. Bularyň arasynda daşary ýurt bazarlaryna çykmak, önümleri halkara ülňülerine laýyk getirmek we bäsdeşligiň ýokarlanmagyna taýýarlyk görmek ýaly meseleleri öz içine aldy. Şeýle hem ýerli telekeçileriň eksport mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy: gatnaşyjylar önümleriň hilini ýokarlandyrmak, halkara bazar talaplaryna laýyk gelmek, hususy pudagyň ornuny berkitmek we Türkmenistanyň milli gepleşik toparyny döretmek barada pikir alyşdylar. Möhüm institutsional çözgüt hökmünde Türkmenistanyň Milli gepleşik toparynyň döredilmegi, onuň düzüminiň kesgitlenmegi we tassyklanmagy, şeýle hem BSG bilen bilelikdäki iş meýilnamasynyň işlenip düzülmegi bellenildi. Bu bolsa, türkmen diplomatlaryna we ykdysatçylaryna tarif we söwda gepleşiklerini netijeli geçirmek üçin ýöriteleşdirilen taýýarlyk okuw sapaklaryna we BSG sessiýalaryna synçy hökmünde gatnaşmaga mümkinçilik berýär. Milli gepleşik toparynyň döredilmegi Türkmenistanyň BSG-ä goşulmak işinde möhüm tapgyrdyr; onuň esasy maksady ýerli hünärmenlere BSG bilen baglanyşykly meselelerde amaly tejribe toplamak mümkinçiligini bermekdir.
Şu nukdaýnazardan, üç esasy ugry belläp geçmek zerur:
birinjiden, Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmagyň ýurdumyzyň eksporty üçin amaly taýdan peýdalary; ikinjiden, Aziýa Ösüş Banky (AÖB) ýaly halkara guramalarynyň sebitleýin integrasiýany goldamakdaky orny; üçünjiden, Akademiýanyň we halkara guramalarynyň arasynda mümkinçilikleri ösdürmek babatynda has ýakyn hyzmatdaşlygyň zerurlygy.
Umuman, şu günki duşuşyk Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmak bilen sebitleýin integrasiýanyň arasyndaky baglanyşygy görkezmek bilen, Akademiýanyň ýurdumyzyň zerur bolan mümkinçiliklerini ösdürmekdäki ornuny nygtady. Bu halkara gurama goşulmak işiniň dowamynda geçirilýän bu sapar öňde goýlan maksatlara üstünlikli ýetiljekdigine bolan ynamymyzy güýçlendirýär.
Zalila Rozyýewa,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy.
PDF








