OPEK toparynyň we Halkara energetika agentliginiň (HEA) nebite bolan global isleg baradaky çaklamalary rekord derejede biri-birine çapraz geldi. Bu barada “Report” belleýär. Netijede, HEA-nyň çaklamalaryna görä, 2024-nji ýylda nebite bolan isleg her günde 1,22 million barrel ýokarlanar, OPEK bolsa, bu ösüşi her günde 2,25 million barrel diýip çaklaýar.
Bilermenler şeýle tapawudyň nebit bazarynyň ösüş depgini we “ýaşyl” geçişiň tizligi bilen baglanyşyklydygyny düşündirýärler.
Şeýle-de, OPEK bilen HEA nebite bolan islegiň iň ýokary derejesi baradaky çaklamalarynda hem ylalaşmadylar. OPEK iň ýokary derejäniň 2045-nji ýyla çenli başa barmajagyny belleýär, şol bir wagtyň özünde HEA onuň 2030-njy ýyla çenli bolmagyna garaşýar.
Bilermenler global nebit bazaryndaky ösüş bilen bagly öz çaklamalarynyň HEA-nyň çaklamalaryna has golaýdygyny aýdýarlar. Olaryň hasabyna görä, islegiň ösüşi günde, çen bilen, 1,3 million barrele deň bolar.