BMG-niň maglumatlaryna görä, 2050-nji ýyla çenli global urbanizasiýanyň ösüş derejesi 70 göterime ýeter. Deňeşdirmek üçin häzirki wagtda dünýä ilatynyň 55 göterim töweregi şäherlerde ýaşaýar. Dünýäde 10 milliondan gowrak ilatly şäherler peýda bolup, häzirki wagtda şeýle şäherleriň 33-si bar. 1990-njy ýylda bolsa bary-ýogy 10 şäher bardy. Tokio, Nýu-Deli we Şanhaý iň gür ilatly şäherlerdir. Dünýäde her ýyl ýüz müňden gowrak adam oba ýerlerinden şäherlere göçüp barýar. Şeýdip megapolisler emele gelýär. Şäher ilatynyň sany boýunça Tokio öňdeligi eýeläp, häzirki wagtda bu şäherde 37 milliondan gowrak adam ýaşaýar.

Şäher dünýäniň iň möhüm maliýe, söwda we ýokary tehnologiýaly merkezlerinden biri hasaplanýar. Ýöne ýokary depginli urbanizasiýa daşky gurşawa ýaramaz täsirini ýetirýär. Şäherleriň ösmegi bilen birlikde senagat hem ösip, zawodlaryň sany barha artýar. Ýangyjyň ulanylmagy netijesinde, her ýylda 60 million tonnadan gowrak uglerod howa goýberilip, hapalanan howa sebäpli ilatyň saglygyna düýpli zeper ýetýär.

– Durnukly ösüşi, parahatçylygy we howpsuzlygy gazanmakda şäherleriň we urbanizasiýanyň möhüm roluny hemmämiz gowy bilýäris. Häzirki wagtda köp adam şäher ýerlerinde ýaşaýar. 2050-nji ýyla çenli alty milliard adam şäherli bolar. Hut şäherlerde durnukly ösüş ugrunda tagalla ediler – diýip, BMG-niň Baş sekretarynyň kömekçisiniň orunbasary Amina Muhammet belledi.

Dünýä boýunça, her ýyl takmynan 180 müň adam şäherlere göçýär. Gökdiränleriň gurulýan ýerleri – Aziýadaky we Ýewropadaky köp megapolislerden tapawutlylykda Afrika şäherleri ulalýar. Netijede, Afrikada 2050-nji ýyla çenli ilatyň ep-esli artmagy çak edilýär. Umuman alanyňda, şäherlileriň sany 2,5 milliard adama ýetip biler. Onuň üçden biri Nigeriýa, Efiopiýa we Müsür ýaly ýurtlaryň paýyna düşýär.