19-njy aprelde Hindistanda 7 tapgyrda geçiriljek parlament saýlawlary başlanar. Bu barada ýurduň saýlaw komissiýasynyň başlygy Rajiw Kumar habar berdi.
“Lok Sabhedäki (parlamentiň aşaky palatasy) 543 orun üçin ählumumy saýlawlar 19-njy aprelde başlap, onuň netijeleri 4-nji iýunda mälim ediler” diýip, Rajiw Kumar Nýu-Delide geçirilen metbugat maslahatynda aýtdy.
Hindistanyň Saýlaw toparynyň başlygynyň habar berşi ýaly, parlament saýlawlaryna, takmynan, 970 million saýlawçy ses bermäge gatnaşyp biler. Şeýlelikde, bu syýasy çärä dünýäniň iň uly saýlawyna öwrülip biler. “85 ýaşdan ulular, maýyplar we syrkawlar öýlerinde ses berip bilerler. Galanlary saýlaw uçastoklaryna barmaly bolarlar” diýip, Kumar belledi. Saýlaw topary “saýlawlaryň ahlak kadalarynyň” berjaý edilişine gözegçilik etmek üçin 2 müňden gowrak synçyny işe çekdi.
Hindistan 1947-nji ýylda garaşsyzlygyna eýe bolandan soň, ýurtda jemi 17 sany ählumumy saýlawlar geçirildi we sebitdäki kanun çykaryjy ýygnaklara, takmynan, 400 saýlaw geçirildi. Hindistanda 2019-njy ýylda geçirilen soňky umumy saýlawlar adamzat taryhynda iň uly saýlawlar diýlip ykrar edilip, oňa 600 milliondan gowrak saýlawçy gatnaşdy.
Şeýle-de, soňky bäş ýylda ýurduň ilaty 1,4 milliard adama ýetip, Hindistany dünýäniň iň köp ilatly ýurduna öwürdi. Şonuň üçin ýetip gelýän saýlawlaryň öňki saýlawlaryň rekordyny täzelemegine garaşylýar. Saýlaw toparynyň maglumatlaryna görä, ses berişlik üçin 1 milliondan gowrak saýlaw uçastogy döredildi.
Öňde boljak ses berişlikde öňdebaryjylaryň arasynda dolandyryjy “Bharatiýa Janata partiýasy” (BHJ, Hindi Halk Partiýasy) bolup, onuň Lideri häzirki Premýer-ministr Narendra Modi üçünji möhlete dalaşgärlik etmek isleýär. Onuň bilen I.N.D.I.A. (Indian National Developmental Inclusive Alliance”, “Hindi milli ösüş inklýuziw bileleşigi” bäsleşmekçi. Bu bileleşik 28 umumy milli we sebit partiýasyny birleşdirýär, emma ondaky esasy güýç Hindi Milli Kongresi (INC) partiýasydyr. Bu partiýa ýurtdaky iň köne syýasy güýç bolup, onuň wekilleri – Jawaharlal Neru, Indira Gandi, Lal Bahadur Şastri, Rajiw Gandi, Narasimha Rao ýurduň garaşsyz taryhynyň köp ýyllarynda Hindistany dolandyrdylar. Şeýle-de bolsa, soňky ýyllarda INC öňki meşhurlygyny ýitirdi, ýöne häzirki wagtda abraýyny dikeltmek üçin işjeň göreşýär.