15-17-nji mart aralygynda Russiýada geçirilen Prezident saýlawlarynda häzirki döwlet Baştutany Wladimir Putin rekord netije bilen ýeňiji boldy. Merkezi saýlaw komissiýasynyň maglumatlaryna görä, sesleriň 90 göterimi sanalandan soňra Wladimir Putiniň sesleriň 87,21 göterimi bilen öňde barýandygy belli boldy. Ikinji orunda Russiýa Federasiýasynyň Kommunistik partiýasyndan Nikolaý Haritonow (4,29%), üçünji orunda “Täze adam” partiýasyndan Wladislaw Dawankow (3,93%), dördünji orunda Russiýanyň Liberal Demokratik partiýasyndan Leonid Sluskiý (3,16%) gelýär. Uzakdan ses bermege gatnaşyk bolsa, 74 göterimden geçdi.
Russiýa Federasiýasynyň Konstitusiýasyna laýyklykda, ýurduň Prezidenti alty ýyl möhlet bilen saýlanýar. Merkezi saýlaw topary şu gün saýlawlaryň deslapky netijelerini yglan etmegi wada berdi.
Saýlawlardan öňki kampaniýalarda ýurtda ses bermäge hukugy bolan 112 million raýatyň, daşary ýurtlarda bolsa, 1,9 million raýatyň bardygy habar berildi. 15-17-nji mart aralygynda adaty hem-de elektron usulda guralan saýlawlar 80-den gowrak federal sebitde geçirildi.
Wladimir Putin ilkinji gezek 2000-nji ýylyň mart aýynda geçirilen Prezident saýlawda bu wezipä ilkinji gezek saýlanypdy. 2008-2012-nji ýyllar aralygynda ýurduň Premýer-ministri wezipesini ýerine ýetirdi. Ýurtda 2020-nji ýylda Konstitusiýa girizilen özgerişlikler häzirki Prezidente 2036-njy ýyla çenli bu wezipede galmaga ygtyýar berýär. Prezident Putin şol senä çenli bu wezipäni ýerine ýetiren halatynda ýurduň bütin taryhynda iň uzak wagtlap döwlet ýolbaşçysy bolan lider bolar. Häzirki wagtda bäşinji gezek bu wezipä saýlanan Wladimir Putin 2018-nji ýyldaky saýlawlarda 76,7 göterim ses bilen ýeňiş gazanypdy.