17-nji martda Uelsiň ykdysadyýet ministri Woan Geting Zähmet partiýasynyň başlygy wezipesine saýlandy. Ol 13-nji martda wezipesinden çekilen Premýer-ministr Mark Drakefordyň ýerine geçer. Kakasy uelsli, ejesi zambiýaly bolan Geting Ýewropa sebitinde ilkinji garaýagyz lider boljakdygyna özüniň buýsanýandygyny belledi.
Häzir 50 ýaşly Geting dürli ýyllarda saglygy goraýyş, bilim we ulag ýaly pudaklarda işledi. Ol partiýanyň içinde geçirilen ses berişlikde bilim ministri Jeremi Maýles bilen bäsleşdi. Netijede, 51,7 göterim ses gazanyp, 25 ýyl bäri häkimiýet başyndaky Zähmet partiýasynyň başlygy wezipesine biragyzdan saýlandy. Ýurtda hereket edýän kanunlara görä, adatça, dolandyryjy partiýanyň lideri hökümete-de ýolbaşlyklyk edýär.
Beýik Britaniýanyň düzümindäki bu ýurtda 3 million töweregi ilat ýaşaýar.