Pakistanyň Karaçi şäherinde sany barha azalýan serçeleriň sanaljakdygy mälim edildi. Bu ugurda iş alyp barýan bilermenler 20 million ilaty bolan sebitde serçeleriň has köp ýaşaýan ýerlerinde iş alyp bararlar.
Sind welaýatynyň ýabany tebigat gullugynyň işgäri Jawed Mahar bu işiň netijesiniň 20-nji martda mälim ediljekdigini aýtdy. Bütindünýä Tebigaty goraýyş fondunyň (WWF) Pakistan bölüminiň maslahatçysy Muhammad Moazzam Han Karaçidäki serçeleriň sanynyň soňky 20 ýyl 60-70 göterim azalandygyny aýtdy. Han bir ýerde köp serçäniň bolmagynyň ol ýeriň howasynyň hiliniň gowudygyny görkezýändigine ünsi çekip, serçeler bir ýeri terk edýän bolsa, onda ol ýeriň howasynyň hiliniň peselendigini aňladýandygyny aýtdy.
Şäherleriň meýilnamasyň giňemegi we daşky gurşawyň hapalygy serçeleriň ýaşaýan ýerleriniň daralmagyna we sanynyň azalmagyna getirýär.