Birleşen Patyşalykda 2028-nji ýyla çenli uçýan taksileriň hyzmata hödürlenmegine garaşylýar. 2030-njy ýylda bolsa, sürüjisiz uçýan ulaglaryň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Uçýan taksileriň ýolagçylary barmaly ýerine ýolda ýöreýän adaty ulaglardan üç esse gysga wagtda eltjekdigi mälim edildi. Şeýle hem bu ulaglaryň dikuçarlardan has arzan, daşky gurşaw üçin zyýansyz we sessiz boljakdygy bellenildi.
Ýurtda häzire çenli birnäçe firma uçýan taksileri, dikligine uçup hem gonup bilýän elektroulaglary synagdan geçirdiler. Emma häzire çenli hiç bir kompaniýa degişli şahadatnama berilmedi. “Upper Aerospace” atly kompaniýanyň işläp taýýarlan “VX4” uçýan taksisi sagatda 240 kilometr tizlige ýetip bilýär.