“Türkmenistan” awiakompaniýasy Beýik Britaniýanyň London şäherine 2-nji gatnawy açmagy meýilleşdirýär. Mälim bolşy ýaly, “Türkmenistan” awiakompaniýasy şu ýylyň ýaz aýynda Aşgabat – London Gatwik ugra uçuşyny amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Bu gatnaw ozal bar bolan Londonyň Hitrou aeroportuna amala aşyrylýan uçuşlaryň ýerini çalşar.
“AeroRoutes” kompaniýasynyň habar bermegine görä, “Türkmenistan” awiakompaniýasy Londona 1-nji maýdan başlap, 2-nji gatnawyny ýerine ýetirmegi meýilleşdirýär. Şeýle hem bu senäniň üýtgemegi mümkin.
Soňky maglumata görä, Gatwik aeroportuna gonuş 6-njy aprelden başlanar.
T5423 ASB1200 – 1510LGW 73H 3
T5427 ASB1230 – 1540LGW 77L 6
T5424 LGW1655 – 0300+1ASB 73H 3
T5428 LGW1705 – 0255+1ASB 77L 6
Londonyň Gatwik howa menzili (LGW), Angliýanyň paýtagt sebitine hyzmat edýän alty sany esasy howa menziliniň biri bolup, Hitroudan soň ýurtdaky iň işjeň ikinji howa menzilidir. Londonyň merkezinden takmynan 45 kilometr uzaklykda ýerleşýän bu howa menzili “British Airways” kompaniýasy üçin merkez bolup hyzmat edýär.