Dünýäde tebigy gazdan başga-da, dürli zyňyndylardan alnan biomassanyň gaýtadan işlenmegi bilen hem ýangyç hökmünde ulanmaga ýaramly gaz öndürilýär. Ýaponiýanyň “Mitsubishi Corp” korporasiýasy bolsa, elektrikli tebigy gazyň (e-NG) kämilleşdirilmegine we öndürilmegine goldaw bermek üçin halkara koalisiýa gurmagy meýilleşdirýändiklerini mälim etdi. Bu kompaniýalaryň arasynda “TotalEnergies” we “Tokyo Gas” ýaly 7 sany iri kompaniýa bar. “Mitsubishi” elektrik tebigy gazynyň arassa çeşmelerden alnan wodoroddan we kömürturşy gazyndan öndürilýän sintetik gazdygyny belledi. Bu gazyň bar bolan infrastruktura arkaly akdyrylyp hem-de saklanyp bilinjekdigi bellenildi. Ýapon kompaniýasy klimatyň özgermegi bilen bagly göreşe goşant goşmak maksady bilen öz hyzmatdaşlarynyň gazyň bu görnüşiniň howpsuz, elýeterli bahaly we durnukly bolmagyny üçin gerekli prosesi çaltlandyrmagy maksat edinýändiklerini habar berdi.
“Mitsubishi” bu ugurdaky hyzmatdaşlarynyň arasynda “Engie” (Fransiýa), “Sempra Infrastructure” (ABŞ), TES (Belgiýa), “Osaka Gas” we “Toho Gas” (Ýaponiýa) bar.

Arazjemal Annadurdyýewa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.