ABŞ-nyň “Nvidia” kompaniýasy “Blackwell” atly täze emeli aň çipini tanyşdyrdy. Kompaniýanyň ýolbaşçysy Ýensen Huan GPU tehnologiýa maslahatynda (GTC) eden çykyşynda bar bolan maglumatyň möçberiniň artjakdygyny belledi. Täze çipe matematik Dewid Bläkwelliň ady goýlupdyr. Huan aslynda, “Blackwell”-iň çip däl-de, platformanyň adydygyny aýtdy. Bu platformanyň ozalky modelden 25 göterim arzan we energiýany az sarp edýändigi aýdyldy.
Bu platformadan “Amazon Web Services”, “Dell Technologies”, “Google”, “Meta”0, “Microsoft”, “OpenAI”, “Oracle”, “Tesla” we “xAI” ýaly kompaniýalaryň ulanjakdygy habar berildi.
“Blackwell”-iň ýylyň ahyrynda satuwa çykaryljakdygy bellenildi.