Hormatly Prezidentimiz mart aýynyň 15-ne sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň Mejlisinde Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda ýurdymyzyň Ahal, Balkan, Lebap, Mary welaýatlarynda 20-nji martda, Daşoguz welaýatynda 27-nji marda gowaça ekişine girişmäge ak pata berip, il sylagly ýaşulylarymyzdan bissimilla bilen başlap bermegi haýyş etdi. Hormatly Prezidentimiziň beren ak patasyndan göwünleri galkynan Daşoguzly pagta kärendeçiler barha golaýlaşýan gowaça ekişine ykjam taýýarlyk görýärler. Gowaça ekilmegi göz öňünde tutylan ýerleri ekiş möwsümine taýýarlaýarlar. Ýeri gelende belläp geçsek gowaça ekiljek ýerler hasyldan boşan badyna gowaça çöplerinden arassalanyp, sürüm, tekizleme, çil çekmek, ýuwuş suwuny tutmak ýaly agrotehniki çäreler öz wagtynda talabalaýyk geçirildi. Häzirki wagtda ekiş möwsümine taýýarlanýan ýerler taba gelip, ekiş öňünden ýeterlik mukdarda mineral dökünler bilen iýmitlendirilýär. Şeýle hem ekişde ulanylmagy göz öňünde tutulan tehnikalara, olaryň tirkeg gurallaryna zerur bolan tehniki hyzmatlar görkezildi, ekiş möwsümine birkemsiz taýýar edildi. Kesellere durnukly, ýokary hasyl berýän gowaça tohumlarynyň hem taýýarlanmagy ekişiň ýokary derejelerde gitmegine uly mümkinçilik berer.
Oba hojalyk pudagyny ösdürmek, kärendeçi babadaýhanlary ähli taraplaýyn goldamak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Munuň şeýledigini hormatly Prezidentimiziň kabul eden kararlarynyň mysalynda hem aýdyň görmek bolýar. Kärendeçi daýhanlaryň ýokary hilli tohum, dökün, suw, zyýankeşlerden goraýan himiki serişdeler bilen doly üpjün edilmegi, daşary ýurtlaryň ýokary iş öndürjilikli tehnikalary, olaryň tirkeg gurallarynyň satyn alynmagy, uzakmöhletleýin ýer bölekleriniň berilmegi, 2019-njy ýyldan başlap kärendeçileriň öndüren önümleriniň gaýtadan işlenen iýmlik önümleriniň 50 göterimini döwlet tarapyndan düzgünleşdiren bahalardan kärendeçilere berilmegi, 2024-nji ýyldan başlap pagtanyň, bugdaýyň döwlet satyn alyş nyrhlarynyň ýokarlandyrylmagy ýurdymyzda oba hojalyk pudagyny ösdürilmegine uly üns berilýändigini görkezýär. Şular ýaly ajaýyp mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanýan kärendeçi daýhanlar her ýyly oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak bilen jogap berýärler. Bu bolsa ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň barha ýokarlanmagyna, azyk bolçulygynyň döredilmegine uly mümkinçilik berýär.
Biz hem Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap komitetiniň işgärleri beýleki jemgyýetçilik guramalary hormatly Prezidentimiziň içeri we daşary syýasatyny, oba hojalyk pudagyny ösdürmek boýunça kabul eden kararlaryny wagyz-nesihat edýäris, möwsümleýin meýdan işleriniň gyzgalaňly dowam edýän günlerinde oba zähmetkeşleri bilen duşuşýarys, meýdan işleriniň alnyp barlyşy barada pikir alyşýarys, öňdebaryjy oba hojalykçylary hormat hatlar, ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglaýarys. Munuň özi oba zähmetkeşleriniň işe bolan höwesini artdyryp, has gaýratly zähmet çekmäge badalga berýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz “Watan diňe halky bilen Watandyr-Döwlet diňe halky bilen döwletdir” diýip il halkyna uly bil baglaýar. Biz oba hojalykçylar hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň daşyna berk jebisleşip, ata Watanmyzyň ösüşine mynasyp goşant goşmak, ýurdymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, azyk bolçulygyny döretmek ugrynda bar ukyp başarnygymyzy gaýgyrman zähmet çekeris.

Gülhumar HOJAHMETOWA,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap komitetiniň esasy hünärmeni.