Dünýäniň iň uly uçarynyň dizaýny işlenip taýýarlandy. ABŞ-nyň Kolorado ştatyndaky «Radia» kompaniýasy äpet ýük uçarynyň taslamasyny taýýarlady. Uzynlygy 108 metre, beýikligi 24 metre, ganatynyň gerimi 79,5 metre ýetýän uçar, esasan, ýel turbinalarynyň ganatlaryny daşamaga niýetlener. Uçaryň ululygy «Boeing 747-8»-den 36 metr uzyn bolar. Uçaryň gonmagy we howa göterilmegi üçin 1 müň 800 metrlik uçuş-gonuş zolagy gerek bolar. Häzirki wagtda äpet ýel beketleriniň ganatlaryny gury ýerden we deňizden daşamak üçin ýörite ulaglar ulanmaly bolýar. Bu ganatlaryň geçiriljek ýerlerinde ýollar ýapylmaly bolýar. «WindRunner» uçary bolsa bu ýükleri uzak aralyga tiz wagtda eltmäge mümkinçilik berer. Dünýäde ýel beketleriniň ulanylyşy we gatnawy hem ýylsaýyn artýar. Şeýle hem bu uçar has uly ýel turbinalaryny gurmaga hem mümkinçilik berer. Kompaniýa bu taslamany dört ýylda durmuşa geçirmegi maksat edinýär.