23-nji martda Slowakiýada geçirilen Prezident saýlawlarynyň birinji tapgyryna gatnaşanlaryň hiç biri-de 50 göterimden gowrak ses alyp bilmedi. Şonuň üçin 6-njy aprelde ýurtda saýlawlaryň ikinji tapgyry geçiriler. Slowakiýanyň Statistika gullugynyň maglumatlaryna görä, ýurduň daşary syýasat edarasynyň öňki başlygy Iwan Korçok, sesleriň 42,51 göterimi bilen birinji tapgyryň lideri boldy. Birinji tapgyrda iň öňdebaryjy hasaplanýan Slowakiýanyň parlamentiniň başlygy we dolandyryjy koalisiýanyň düzümine girýän Slowakiýanyň “Glaz” partiýasynyň dalaşgäri Piter Pellegrini saýlawçylaryň 37,02 göterim goldawa eýe boldy.
Saýlawlara gatnaşyk 51,5 göterime deň boldy. Statistika gullugynyň maglumatlaryna görä, saýlawlarda 4,33 milliondan gowrak adamyň ses bermäge hukugy bolup, olar üçin üçin 5,9 müň saýlaw uçastogy açyldy. Slowakiýanyň Prezidenti bäş ýyl möhlet bilen ählumumy köpçüliginiň ses bermegi bilen saýlanýar. Saýlawlara 10 dalaşgär gatnaşdy. Slowakiýanyň taryhynda ilkinji zenan Prezident Zuzana Çaputowa häzirki saýlawlara gatnaşmazlyk barada karara geldi. Ol 2019-njy ýyldan bäri bu wezipäni eýeläp gelýärdi. Slowakiýada prezidentiň wezipesi, adatça, wekilçilikli häsiýete eýe bolup ýurdy Premýer-ministr dolandyrýar. Geçen ýylyň 30-nji sentýabrynda “Sosial demokratiýa ugry” partiýasynyň başlygy Roberto Fiso ýurtda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazanyp, ýurduň Premýer-ministri wezipesine bellendi.
Häzirki saýlawlar Slowakiýa garaşsyzlygyny alanyndan soň altynjy Prezident saýlawlarydyr. Slowakiýa Respublikasy – Merkezi Ýewropada ýerleşýän döwlet bolup, ilaty 5 million 455 müň adama deňdir. Paýtagty Bratislawa. Ýurt 1993-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda garaşsyzlygyna eýe boldy.