23-nji martda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow ýokary hilli, içerki hem-de daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýan önümleriň önümçiligini giňeltmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Häzirki wagtda ýurdumyzdaky gurluşyklarda giňden ulanylýan dürli görnüşli gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi ýola goýuldy. “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” senagat pudagyny ösdürmek boýunça çäreleri durmuşa geçirmek, importyň ornuny tutýan, eksport ugurly harytlaryň önümçiligini ýola goýmak maksady bilen, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Köýtendag kän müdirliginiň hem-de “Ak bulut” hojalyk jemgyýetiniň paýly gatnaşmaklarynda “Türkmen gips” hojalyk jemgyýetini döretmek teklip edilýär.
Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň Dostluk şäheriniň çäginde dörediljek bu täze bilelikdäki kärhanada ýylda 250 müň tonna gury gurluşyk garyndylaryny we 20 million inedördül metr gipsokarton önümlerini öndürmek göz öňünde tutulýar. Bu bolsa täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berer.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki zaman gurluşyk serişdelerini öndürmäge niýetlenen bilelikdäki kärhananyň döredilmeginiň ýurdumyzyň senagat pudagyny mundan beýläk-de netijeli ösdürmäge ýardam berjekdigini belledi hem-de wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.