Soňky günlerde şokoladyň esasy çig maly hasaplanýan kakaonyň bahasy gymmatlaýar. Muňa öndüriji ýurtlarda ýüze çykan gurakçylygyň sebäp bolýandygy bellenilýär. Gymmatlamagyny dowam etdirýän kakaonyň bahasynyň 9 müň dollara golaýlap, taryhy rekordyň hasaba alnandygy bellenildi. Şeýlelikde, bu önümiň bahasy ýylyň başyndan bäri iki esseden hem gowrak gymmatlady. Soňky bir hepdede kakaonyň bahasy 11 göterim, bir aýda 36 göterim ýokarlandy. Ýylyň başynda tonnasy 4 müň 750 dollar bolan kakaonyň bahasy hepdäniň başynda 8 müň 940 dollara ýetip, misden geçdi.
Bilermenler hasyla täsir edýän gurak howanyň ýakyn geljekde hem dowam etjekdigini, şol sebäpli bahalaryň ýene-de galyp biljekdigine ünsi çekýärler. Kakao önümçiliginde Kot-d’Iwuar we Gana ýaly Günbatar Afrika ýurtlary öňdeligi eýeläp, bu ýurtdaky käbir fabrikleriň gaýtadan işlemek üçin kakao dänesini satyn almagy togtadandygy, şol sebäpli önümçiligiň azalandygy ýa-da togtadylandygy bellenilýär. Bu bolsa, bahalaryň görnetin artmagyna sebäp bolupdyr.
Ekwador, Peru we Indoneziýa ýaly ýurtlarda hem kakaonyň hasyly alynýar.