Soňky ýyllarda emeli aň (Artificial Intelligence) tehnologiýasy barha ösýär. Bu söz gysgaldylyp, AI görnüşinde ýazylýar. Emeli aňyň gysga ýazylyşy Karib adasyndaky ilaty 16 müň töweregi bolan ada ýurduna uly girdeji getirýär. Nädipmi? Sebäbi, Angilýa atly bu ýurduň internet domeni “.ai” görnüşinde ýazylýar. Beýik Britaniýanyň deňizden aňyrdaky düzümine degişli bolan bu ýurt geçen ýyl daşary ýurtly kompaniýalara satan domen atlaryndan 32 million dollar gazanypdyr. Bu görkeziji ýurduň jemi içerki önüminiň 10 göteriminden hem köpdür. Internet domenini “.ai” görnüşinde alýan kompaniýalaryň arasynda dünýä belli internet ägirtleri hem bar. Mysal üçin, birküç ýyllykda belli işewür Ilan Mask tarapyndan satyn alnyp, ady X diýlip üýtgedilen “twitter” bu domenden (X.ai) satyn aldy. Adatça, ýurtda her bir domen 140 dollara satylýar. Emma käbir domen atlary auksion arkaly has gymmada hem satylýar.
Ýurduň hökümet başlygy Ellis Webster “Nýu-Ýork taýms” gazetine beren interwýusynda bu ugurdan gazanylan puluň 70 ýaş we ondan uly ýaşlylaryň saglygy üçin sarp ediljekdigini aýtdy. Şeýle hem ýurduň hökümeti aeroporty gowulandyrmak üçin hem pul bölüp beripdir. Mundan başga-da, sport desgalaryny gowulandyrmak üçin iberilýän serişde iki esse artdyrylypdyr.
“.tv” domeni hem uly girdeji getiripdi
Şeýle ýagdaýlar mundan ozal hem bolupdy. Birnäçe ýyl ozal Awstraliýanyň demirgazyk-gündogaryndaky Tuwalu hem “.tv” domenini uly girdeji çeşmesine öwürmegi başarypdy. Ýurt bu ugurdan alan girdejisini uzak adalara elektrik energiýasyny çekmek, talyplara talyp haky bermek we Birleşen Milletler Guramasyna gatnaşmak bilen bagly işleri maliýeleşdirmek üçin sarp edipdir.