TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 46 million 102 müň dollaryndan gowrak boldy.
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 21-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Pakistanyň, Owganystanyň, Maltanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen binýatlyk ýagy, az kükürtli ýangyç mazudyny, suwuklandyrylan gazy, şeýle hem «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi satyn aldylar.
Mundan başga-da, daşary ýurt puluna BAE-niň, Türkiýäniň, Germaniýanyň telekeçilerine nah ýüplük, buýan köki ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 46 million 102 müň dollaryndan gowrak boldy.
Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 19 million 681 müň manatdan gowrak bolan polipropileni, nebit ýol bitumyny we garylan parafin galyndysyny («Türkmennebit» döwlet konserni), şeýle hem el halylaryny, nah ýüplük, buýan kökli çaý içgisini satyn aldylar.