7–11-nji sentýabr aralygynda Ankara şäherinde türk dünýäsiniň ýokary bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge, öňdebaryjy tejribeleri alyşmaga hem-de bilim we akademik edaralaryň arasynda gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen «Türk dünýäsiniň ýokary bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk» atly sertifikat maksatnamasy geçirilýär.

Maksatnama Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Türkmenistanyň we Wengriýanyň wekilleri gatnaşýarlar.

Türkmen tarapyndan maksatnama Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, şeýle hem Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekilleri gatnaşýarlar.

7-nji sentýabrda maksatnamanyň resmi açylyş dabarasy geçirildi. Dabarada Türkiýe Respublikasynyň Daşary ýurtlardaky türkler we garyndaş halklar boýunça müdirliginiň (YTB) başlygy Abdulhadi Turus, Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň deputaty Osman Mesten, Türkiýäniň Ylymlar akademiýasynyň (TÜBA) prezidenti professor Muzaffer Şeker, şeýle hem ORTAK maksatnamasynyň akademik utgaşdyryjysy professor Şefika Şule Erçetin çykyş etdiler.

Resmi açylyş dabarasyna maksatnama gatnaşýan ýurtlaryň Ankara şäherinde akkreditirlenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri hem gatnaşdylar. Munuň özi bilim we ynsanperwer ulgamlarda döwletara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge uly ähmiýet berilýändiginiň aýdyň beýany boldy.

Dabaranyň dowamynda gatnaşyjylar YTB-niň işiniň esasy ugurlary, sertifikat maksatnamasynyň maksatlary we wezipeleri, şeýle hem ýokary bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň mümkinçilikleri bilen tanyşdyryldy.

Şeýle hem YTB tarapyndan durmuşa geçirilýän bilelikdäki talyp hakly maksatnamalar, akademik alyşmalar hem-de ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri barada giňişleýin maglumat berildi.

Maksatnamanyň birinji gününiň işi «Türkiýede we dünýäde ýokary bilim syýasaty we strategiýalary» atly modulyň çäklerinde dowam etdi. Onuň dowamynda Türkiýäniň ýokary bilim ulgamynyň häzirki zaman gurluşy we ösüş ugurlary, dünýäde ýokary bilimiň ösüşiniň esasy meýilleri, medeni täsiriň we halkara abraýyň kemala gelmeginde ýokary okuw mekdepleriniň orny, şeýle hem ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Professor Şefika Şule Erçetin we professor Zakir Awşar agzalan ugurlara degişli çykyş etdiler.

Türkmenistanyň wekilleriniň bu halkara maksatnama gatnaşmagy ýokary bilim ulgamynda döwrebap çemeleşmeleri öwrenmek, öňdebaryjy daşary ýurt tejribesi bilen tanyşmak, hünär gatnaşyklaryny giňeltmek hem-de daşary ýurtlaryň bilim we akademik edaralarynyň wekilleri bilen özara tejribe alyşmak üçin möhüm mümkinçilikleri döredýär.

Şeýle halkara çäreleriň geçirilmegi gatnaşyjy döwletleriň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda göni gatnaşyklary ösdürmäge, bilelikdäki bilim taslamalaryny we başlangyçlaryny durmuşa geçirmäge, akademik hereketliligi giňeltmäge, şeýle hem bilim we ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmaga ýardam berýär.