26-njy martda Ak bugdaý etrabynyň “Nowruz ýaýlasyndaky” “Türkmeniň ak öýi” binasynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere badalga bermek dabarasy boldy.
“Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” atly maksatnama türki halklaryň medeni mümkinçiliklerini açyp görkezmäge we olaryň mirasy bilen tanyşdyrmaga gönükdirilendir. Munuň özi her ýylda türki dilli ýurtlaryň dürli şäherleriniň döredijilik taryhyna ünsi çekmegi, şonuň esasynda-da baý medeni çäreleriň geçirilmegini göz öňünde tutýar we türki halklaryň taryhyň dowamynda emele gelen gatnaşyklaryna, medeniýet ulgamynda dowam etdirilýän hyzmatdaşlyga esaslanýar.
Gadymy şäherlerimiziň eýýäm ikinji gezek “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi bilen, ýurdumyz özüniň gadymy taryhyna, baý milli medeniýetine ylmy we döredijilik intelligensiýanyň ünsüni çekmäge, häzirki zaman gazananlary bilen tanyşdyrmaga mümkinçilik alýar. 2015-nji ýylda bu derejä Mary şäheri eýe boldy. Onuň şeýle abraýly ada mynasyp bolmagynyň çäklerinde türki dilli ýurtlaryň hyzmatdaşlygynyň, doganlyk halklaryň dostlukly gatnaşyklarynyň ösmegini şertlendiren dürli çäreler üstünlikli geçirildi.
Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýyly “Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly”, gadymy Änew şäherini bolsa şol ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýip yglan etmek baradaky çözgüt Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) hemişelik geňeşiniň Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen mejlisinde kabul edilipdi.
“Nowruz ýaýlasynda” giň gerimli baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Dabaralara gatnaşmak üçin bu ýere Hökümet agzalary, Mejlisiň, Halk Maslahatynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri ýygnandylar. Hormatly myhmanlaryň hatarynda “Gadymy Änew medeniýeti” atly halkara ylmy maslahata, “Türkmen topragy — gadymy siwilizasiýalaryň merkezi” atly metbugat maslahatyna, “Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri” atly halkara maslahata gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Türki Döwletleriň Guramasynyň we onuň düzümine girýän Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ), Türki döwletleriň Parlament Assambleýasynyň, Türki medeniýetiň we mirasyň gaznasynyň, Halkara türki akademiýasynyň, TÜRKSOÝ-na agza hem-de synçy ýurtlaryň degişli ministrlikleriniň ýolbaşçylarydyr ylmy wekiliýetleri bar.
Hatara düzülen ak öýleriň ýanynda gazanlar atarylyp, olarda türkmen aşhanasynyň milli tagamlary taýýarlanylýar. Halk aýdymlarynyň bu görnüşler bilen utgaşmagy dabara özboluşly öwüşgin çaýýar. Her bir öýüň ýanynda gurnalan sekilerde zenanlar milli tagamlary, süýji nygmatlary taýýarlaýarlar. Zehinli gelin-gyzlar el hünärini görkezip, milli tahýalary tikmek, keşde çekmek, haly dokamak, keçe güllemek ýaly işler bilen meşgullanýarlar. Bu görnüşler türkmen halkynyň gadymy ýörelgeleriniň döwrebap derejede dowam etdirilýändigini görkezýär.
Bu ýerde dabara gatnaşýan ýurtlaryň wekilleriniň sergi diwarlyklary hem ýaýbaňlandyryldy. Doganlyk ýurtlaryň her biri amaly-haşam sungatynyň, halk senetçiliginiň dürli görnüşlerini, hojalyk önümlerini we geçmişden galan beýleki gymmatlyklary görkezdi. Bularyň ählisi aýdym-sazlar bilen utgaşyp, dutar, kernaý, surnaý saz gurallarynyň hemmeleri baýramçylyga çagyrýan ajaýyp owazy ýaňlanýar. Ak öýleriň golaýynda tamdyrlar gurnalyp, gazanlar atarylypdyr, dürli tagamlar taýýarlanylyp, naz-nygmatdan doly saçaklar ýazylypdyr.
“Türkmeniň ak öýi” binasynyň öňündäki meýdançada suratkeşleriň, şekillendiriş we amaly haşam sungatynyň ussatlarynyň, türki halklaryň fotosuratçylarynyň eserleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Bu sergi iň gowy milli däpleriň esasynda ýurdumyzyň belli ussatlary, ýaş zehinleri tarapyndan döredilen surat eserlerini, haly önümleriniň, amaly-haşam sungatynyň, keramikanyň we heýkeltaraşlygyň nusgalaryny öz içine aldy. Bularyň ählisi halkymyzyň häzirki zaman taryhynyň özboluşly beýanydyr.
Soňra “Türkmeniň ak öýi” binasynyň mejlisler zalynda bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiziň Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda bellenilişi ýaly, häzirki döwürde TÜRKSOÝ tarapyndan Türkmenistanda we beýleki türki dilli döwletlerde guralýan medeni çäreler dostlukly gatnaşyklaryň binýadyny barha berkidýär.
Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretary Sultan Raýew we Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Omuraliýew şu günki dabaranyň ähmiýeti barada aýtmak bilen, halklaryň arasynda döredijilik alyşmalary üçin döredilen ajaýyp mümkinçiliklere, jemgyýetiň medeni-ruhy durmuşynyň ösüşine aýratyn üns berýändikleri üçin hormatly Prezidentimize we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler. Şunuň bilen baglylykda, ähli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçiriljekdigine, olaryň halklaryň arasyndaky ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ösmegine hyzmat etjekdigine ynam bildirildi.
Soňra giň gerimli baýramçylyk konserti guraldy. Onda Türkmenistanyň hem-de türki dilli ýurtlaryň sungat ussatlary çykyş etdiler. Sahnada ýaýbaňlandyrylan ajaýyp çykyşlaryň esasyny medeniýetleriň dialogy, halklaryň dostlugy baradaky garaýyşlar düzdi.
Ak bugdaý etrabyndaky “Nowruz ýaýlasynda” guralan medeni çäre çuňňur taryhy kökleri we umumy däpleri bolan halklaryň medeniýetini baýlaşdyrýan gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ymtylmalaryň aýdyň nyşany boldy.
* * *
Medeni maksatnamanyň çäklerinde myhmanlar Seýit Jemaleddin metjidine, sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherine, paýtagtymyzyň we Ahal welaýatynyň gözel ýerlerine baryp gördüler.