Braziliýanyň ilki Angliýa, soňam Ispaniýa bilen geçiren ýoldaşlyk duşuşyklarynyň hersinde 1 gol geçiren ýaş hüjümçi Endrik taryhy rekord goýdy. Häzirki wagtda “Palmeiras” toparynyň köýnekçesini geýýän we tomusda “Real Madridiň” düzümine goşuljak Endrige şol 2 gol üçin bary-ýogy 49 minut ýeterlik boldy. Ol bu ugurda Braziliýanyň ýygyndysynda ilkinji iki goluny iň çalt geçiren futbolçy hökmünde hasaba alyndy. Bu babatda ozalky rekord Pelä degişli bolup, futbolyň şasy ilkinji 2 goluny 64 minutda geçiripdi. Başga bir braziliýaly ýyldyz hüjümçi Luiz Nazario Ronaldo bolsa ilkinji 2 goluny 529 minutda derwezä girizipdi.
Braziliýanyň ýygyndysy geçirilen ýoldaşlyk duşuşyklarynda Angliýany 1-0 ýeňip, Ispaniýa bilen hem 3-3 deňme-deň oýnapdy.