Şu gün paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat­da­ky “Ýyl­dyz” myh­man­ha­na­syn­da Änew şä­he­ri­niň 2024-nji ýyl­da «Tür­ki dün­ýä­si­niň me­de­ni paý­tag­ty» diý­lip yg­lan edil­me­gi hem-de Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li “Türk­men top­ra­gy – ga­dy­my me­de­ni­ýet­le­riň mer­ke­zi» at­ly met­bu­gat mas­la­ha­ty ge­çi­ril­di. Met­bu­gat mas­la­ha­ty­na 14 ýurt­dan köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň 100-e go­laý we­ki­li gat­naş­dy.
Fo­ru­ma köp san­ly iri ha­bar­lar gul­luk­la­ry­nyň, te­le­ýaý­lym­la­ryň, şol san­da TÜRK­SOÝ gu­ra­ma­sy­na ag­za ýurt­la­ryň met­bu­gat we­kil­le­ri, Türk­me­nis­ta­nyň te­le­ýaý­lym­lar we ki­ne­ma­tog­ra­fi­ýa ul­ga­myn­da hyz­mat­daş­lyk ed­ýän döw­let­le­rin­den met­bu­gat we­kil­le­ri gat­naş­mak üçin Aş­ga­ba­da gel­di­ler. Ola­ryň ha­ta­ryn­da Rus­si­ýa­nyň TASS ha­bar­lar gul­lu­gy­nyň Baş di­rek­to­ry­nyň orun­ba­sa­ry Mi­ha­il Gus­man,Umu­my­rus­si­ýa te­le­ra­dio­kom­pa­ni­ýa­sy­nyň (Ros­si­ýa-24) Mer­ke­zi Azi­ýa bo­ýun­ça ha­bar­çy­sy Ro­bert Fran­sew, Ýew­ro­pa ýurt­la­ryň te­le­ra­dio­ýaý­lym­lar bir­le­şi­gi­niň (EBU) aka­de­mi­ýa­sy­nyň Iş do­lan­dy­ry­jy­la­ry taý­ýar­la­ýan me­ne­je­ri Fre­de­rik Frantz we Tür­ki­ýä­niň TRT te­le­ýaý­ly­my­nyň we­kil­le­ri bar. Met­bu­gat mas­la­ha­tyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry M.Mäm­me­do­wa, Tür­ki me­de­ni­ýe­ti­niň hal­ka­ra gu­ra­ma­sy­nyň (TÜRK­SOÝ) Baş sek­re­ta­ry Sul­tan Ra­ýew, Ka­na­da­nyň «HEC Mont­re­al» uni­wer­si­te­ti­niň Hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry we hyz­mat­daş­lyk fa­kul­te­ti­niň pro­fes­so­ry je­nap Ja­wad Mot­tag­hi, Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň TASS ha­bar­lar gul­lu­gy­nyň Baş di­rek­to­ry­nyň orun­ba­sa­ry Mi­ha­il Gus­man da­gy çy­kyş et­di­ler.
Me­dia­fo­rum­da çy­kyş eden­ler myh­man­sö­ýer türk­men top­ra­gyn­da gyz­gyn gar­şy al­nan­dyk­la­ry­ny aý­ra­tyn bel­le­di­ler. Şeý­le hem bu ýe­re ýyg­na­nan­la­ra da­şa­ry ýurt ha­bar­lar gul­luk­la­ry­nyň ýur­du­myz­da alyp bar­ýan iş­le­ri, me­de­ni gym­mat­lyk­la­ry­myz ba­ra­da taý­ýar­la­nan wi­deo­ro­lik­ler gör­ke­zil­di.