14-15-nji okt­ýabr­da Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ener­ge­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň bin­ýa­dyn­da ýa­şyl ener­ge­ti­ka we in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­la­ra ba­gyş­la­nan ýö­ri­te “Gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän ener­gi­ýa çeş­me­le­ri­niň in­teg­ra­si­ýa­sy” hem-de “Eme­li aňy tej­ri­be­de ulan­mak” at­ly okuw mas­la­hat­la­ry ge­çi­ril­di. Bu çä­re­ler Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ener­ge­ti­ka ins­ti­tu­ty bi­len Ger­ma­ni­ýa Fe­de­ra­tiw Res­pub­li­ka­sy­nyň Klaus­tal Teh­ni­ki uni­wer­si­te­ti­niň ara­syn­da bag­la­şy­lan öza­ra dü­şü­niş­mek bo­ýun­ça äht­na­ma­nyň esa­syn­da Ger­ma­ni­ýa­nyň Hal­ka­ra hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça jem­gy­ýe­ti­niň (GIZ) “Türk­me­nis­ta­nyň ýa­şyl ösü­şi üçin Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi: 2024–2029-njy ýyl­lar üçin sy­ýa­sy dia­log we ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi bo­ýun­ça he­re­ket­ler” tas­la­ma­sy­nyň ýar­da­my bi­len ama­la aşy­ryl­dy.
Çä­rä­niň esa­sy mak­sa­dy – gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän ener­gi­ýa çeş­me­le­ri­ni in­teg­rir­le­mek, geo­ter­mal ener­gi­ýa, bio­mas­sa, wo­do­rod teh­no­lo­gi­ýa­la­ry hem-de eme­li aň ul­gam­la­ry­nyň ama­ly ula­ny­ly­şy bo­ýun­ça hü­när­men­le­riň we ta­lyp­la­ryň po­ten­si­ýa­ly­ny ýo­kar­lan­dyr­mak­dan yba­rat­dyr. Bu okuw mas­la­ha­ty­na Ger­ma­ni­ýa Fe­de­ra­tiw Res­pub­li­ka­sy­nyň Klaus­tal Teh­ni­ki uni­wer­si­te­ti­niň hal­ka­ra hü­när­men­le­ri we pro­fes­sor-mu­gal­lym­la­ry gat­na­şyp, ins­ti­tu­tyň ýaş hü­när­men­le­ri, mu­gal­lym­la­ry, ta­lyp­la­ry bi­len tej­ri­be alyş­dy­lar.
Iki gün do­wam eden okuw sa­pak­la­ryn­da ener­ge­ti­ka ul­gam­la­ry­ny mo­de­lir­le­mek, elekt­rik ener­gi­ýa­sy­nyň ba­ha­lan­dy­ry­ly­şy we kon­wer­tor teh­no­lo­gi­ýa­la­ry bo­ýun­ça gi­ňiş­le­ýin dü­şün­di­riş­ler be­ril­di.

Çeş­me: Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ener­ge­ti­ka ins­ti­tu­ty