Germaniýanyň çempionaty “Bundesligada” ýeňişsiz ýagdaýda çempionlyga barha golaýlap barýan “Baýer” topary täze möwsümiň aladasyny eýýämden edip başlady. Klub “Sky Sport”-yň habar bermegine görä, “Hoffenhaýmyň” iň netijeli hüjümçisi Maksimilian Baýer bilen içgin gyzyklanýar. 21 ýaşyndaky germaniýaly hüjümçiniň transfer bahasy 30 million ýewro möçberinde bolar diýlip çaklanylýar. Oýunçy bilen “Liwerpul” toparynyň hem gyzyklanýandygy habar berildi.

Maksimilian Baýer şu möwsümde “Bundesligada” 25 oýunda 12 gol geçirip, 1 goluň pasyny berdi.