Ata Watanymyzyň halkara abraýynyň täze belentliklere galýandygyny Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bolup geçýän wakalar, daşary syýasatda durmuşa geçirilýän beýik işler bütin aýdyňlygy bilen subut edýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul eden taryhy resminamasyna laýyklykda, «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022–2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy» ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämizi iş ýüzünde amala aşyrmak, daşary ykdysady gatnaşyklary giňeltmek, durnukly ösüşe hemmetaraplaýyn ýardam bermek, halkara gatnaşyklary ösdürmek ýaly möhüm maksatlara ýetmäge gönükdirilendir. Konsepsiýada öňde goýlan wezipeler esasynda dünýäde parahatçylyk söýüjilik diplomatiýasyny alyp barýan ýurdumyz halkara derejede dostluk we ynanyşmak ýörelgelerini üpjün etmek üçin tagallalaryny gaýgyrmaýan, netijeli, deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň tarapdary bolan döwlet hökmünde çykyş etmek bilen, dünýäde oňyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly goşant goşýar. Türkmen döwletiniň öňe sürýän başlangyçlarynyň, teklipleriniň düýp özeninde şol maksatlar durýar. Munuň özi berkarar Watanymyzyň ýöredýän daşary syýasatynyň asyrlardan aşyp gelýän hoşniýetlilik we dost-doganlyk ýörelgelerine, netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna esaslanýandygyny görkezýär.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda alnyp barylýan işleriň dünýä ykrarnamasyna eýe bolmagy ýurdumyzyň bitaraplyk ýörelgelerine ygrarlydygynyň kepiline öwrülýär. Türkmenistanyň dünýä boýunça möhüm meseleleriň çözülmegine ýakyndan ýardam edýändigini ýurdumyzyň bu ugurda alyp barýan işleri açyk-aýdyň subut edýär. Döwlet Baştutanymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň geçen ýylyň 19-njy sentýabrynda geçirilen 78-nji sessiýasyna gatnaşmagy we onuň belent münberinden sebit we ählumumy derejedäki wajyp meseleler boýunça berkarar ýurdumyzyň ileri tutulýan garaýyşlaryny, ählumumy abadançylygyň, ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge gönükdirilen täze başlangyçlaryny beýan etmegi ýurdumyzyň daşary syýasatynyň halklaryň bähbidine gönükdirilýändigine güwä geçýär.
Ýurdumyzyň 2023–2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzalygyna, şonuň ýaly-da BMG-niň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň 2024–2028-nji ýyllar üçin agzalygyna saýlanylmagy bolsa, ýurdumyza bildirilýän uly ynamdyr, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanyp, halkara derejede alyp barýan beýik işleriniň hem-de Watanymyzyň dünýä dolýan mertebesiniň we at-abraýynyň belent ykrarnamasydyr.
Ýurdumyz parahatçylygy dörediji döwlet hökmünde bütin dünýäde giňden tanalýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň alyp barýan daşary syýasaty, halkara gatnaşyklarynda tutýan maksatly ýoly Ýer ýüzünde parahatçylykly ösüşi üpjün etmäge uly goşant goşýar. Hut şeýle bolansoň ýurdumyz tarapyndan alnyp barylýan içeri we daşary syýasat BMG-niň ileri tutulýan maksatlaryna we wezipelerine doly laýyk gelýär we dünýäde iň uly abraýly halkara guramasy Türkmenistanyň esasy hyzmatdaşy bolup çykyş edýär. Soňky ýyllarda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşýär. Geljegi uly bolan täze ugurlaryň peýda bolmagy bilen hyzmatdaşlygyň çägi barha giňeldilýär. Şeýle bolansoň ýurdumyz häzirki wagtda dünýä döwletleriniň 151-si hem-de 40-dan gowrak halkara guramasy bilen hyzmatdaşlyk edýär. Dünýä bileleşigine Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwlet hökmünde goşulmak bilen, Türkmenistan dünýä halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrýar. Ýurdumyz Bitaraplyk şertlerinde «Açyk gapylar» syýasatyny ýöredip, sebitde we dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge işjeň gatnaşýan, BMG-niň maksatnamalaryny we wezipelerini amala aşyrmaga ýardam edýän döwlete öwrüldi.
Sähet Kuliýew,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.