Her gün dünýäde bir milliard adamlyk iýmit zibile taşlanýar, şol bir wagtda hem 730 million adam açlykdan ejir çekýär. Bu barada BMG-niň azyk galyndylarynyň görkezijisi baradaky täze hasabatynda bellenilýär.
Dünýädäki azyk önümleriniň bäşden bir bölegi bisarpalyk ýa-da meýilleşdirilmezlik sebäpli, şeýle-de käbir ýagdaýlarda sowadyjy ulgamyna elýeterliligiň bolmazlygy sebäpli zibile atylýar. Bilermenleriň pikiriçe, pul bilen hasaplanyňda ýylda 1 trillion dollar isrip edilýär.
Her ýylda zyňylýan 1 milliard tonna iýmit önümleriniň 60 göterim töweregini öý hojalyklary emele getirýär. Onuň yz ýanyndan jemgyýetçilik iýmitleri we bölek satuw söwdasy gelip, degişlilikde, 28 we 12 göterim ýitgini emele getirýärler. Bu hasabatda öndürilen ýerinden bazara gelýän aralykdaky ýitgiler hasaba alynmandyr.
Bu galyndylar diňe bir tebigy baýlyklary biderek harçlamak bilen çäklenmän, howanyň we biodürlüligiň çökgünligine hem sebäp bolýandygy bellenildi. Diňe birnäçe ýurtlaryň azyk galyndylaryny azaltmak boýunça meýilnamalary bolup, olaryň köpüsi muny kömürturşy gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmagyň usuly hasaplamaýar.
Her ýyl dünýäde bir adam, ortaça, 79 kilogram iýmit zyňýar. Beýik Britaniýa, Awstraliýa, Indoneziýa, Meksika we Günorta Afrika ýaly käbir ýurtlarda soňky on bäş ýylda azyk galyndylary ep-esli azaldy. Ýaponiýa azyk galyndylaryny üçden bire çenli, Beýik Britaniýa bolsa 18 göterim töweregi azaltdy.