1853-nji ýylyň 30-njy martynda meşhur niderlandly suratkeş, post-impressionizmiň wekili Winsent Wan Gog dünýä indi. Geň we pajygaly ykbaly bolan Wan Gog diňe 30 ýaşyna baransoň suratkeş bolýar. Ol ýedi ýylda sekiz ýüzden gowrak surat döretdi.
Şeýle-de 1987-nji ýylyň 30-njy martynda Wan Goguň “Günebakar” atly kartinasy London auksionynda 50 million dollara satyldy.