Her ýylyň 9-njy oktýabrynda Günorta Koreýada Hangul güni bellenilýär. Bu gün koreý diliniň ýazuw ulgamy bolan Hangulyň döredilmegini we onuň halkyň medeniýetindäki ähmiýetini ýatlamak üçin geçirilýär. Hangul beýleki köp sanly ýazuw ulgamlaryndan tapawutlylykda belli bir maksat bilen döredilen we onuň gurluşy dil öwrenmegi has aňsatlaşdyrmak düşünjesine esaslanýar. Şonuň üçin Hangul dünýäniň iň gyzykly ýazuw ulgamlarynyň biri hökmünde tanalýar.
Hangul XV asyrda Koreýanyň patyşasy Sejong Beýik döwründe döredildi. Şol döwürde Koreýada esasan hytaý ieroglifleri ulanylýardy we olary öwrenmek köp adam üçin kyn bolupdy. Korol Sejong halkyň aňsat okap-ýazyp bilmegi üçin has elýeterli ýazuw ulgamynyň zerurdygyna düşünýär. Netijede, alymlaryň kömegi bilen täze elipbiý döredilip, 1443-nji ýylda tamamlandy we 1446-njy ýylda “Hunminjeongeum” atly kitap arkaly halka tanyşdyryldy.
Hangulyň aýratyn gyzykly taraplarynyň biri onuň harplarynyň sesleriň emele geliş aýratynlyklary bilen baglanyşykly döredilmegidir. Mysal üçin, käbir çekimsiz harplaryň şekilleri diliň we agzyň ses çykarýan wagtyndaky ýagdaýyny görkezmäge esaslanýar. Çekimli harplaryň gurluşynda bolsa tebigat we adam düşünjeleri bilen baglanyşykly ýörelgeler ulanylypdyr. Şeýlelikde, Hangul diňe bir ýazuw serişdesi bolman, eýsem dil, bilim we döredijilik bilen baglanyşykly özboluşly medeni mirasdyr.
Häzirki wagtda Hangul koreý halkynyň milli medeniýetiniň möhüm nyşanlarynyň biridir. 9-njy oktýabr – Hangul güni Koreýada koreý diline we ýazuwyna bolan hormaty görkezýän möhüm gün hökmünde bellenilýär. Hangulyň döredilmegi sowatlylygyň ýaýramagyna uly goşant goşup, adamlara öz pikirlerini ýazmaça görnüşde has aňsat beýan etmäge mümkinçilik berdi. Şonuň üçin Hangul diňe bir elipbiýiň döredilmeginiň taryhy däl, eýsem diliň we bilimiň halk üçin elýeterli bolmagyna gönükdirilen möhüm ösüş hökmünde hem kabul edilýär.
Mähri Gurbanowa,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.
PDF








