2024-nji ÝYLYŇ 3 – 5-nji APRELINDE TÜRKMENISTANYŇ SÖWDA TOPLUMYNYŇ SERGISI GEÇIRILÝÄR

Guraýjy tarap Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenlerini, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryny, türkmen işewürlerini, ýurdumyzyň raýatlaryny, şeýle hem daşary ýurt kompaniýalarynyň wekillerini sergä gatnaşmaga çagyrýar.

Serginiň iş wagty:
3-nji aprelde sagat 10:00-dan 18:00-a çenli;
4-nji aprelde sagat 10:00-dan 18:00-a çenli;
5-nji aprelde sagat 10:00-dan 15:00-a çenli.

Sergi Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilýär.
Salgysy: Aşgabat şäheriniň «Çandybil» şaýolunyň 143-nji jaýy.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri:39-88-70;39-88-84,83,82.