24-nji iýulda sagat 11:00-da ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy Türkmenistanyň Hökümeti bilen hyzmatdaşlykda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda kitap sergi-ýarmarkasyny geçirýär.
Amerikan merkeziniň habar bermegine görä, ulanyjylar usturkmenistan.overdrive.com. saýtyndan elektron kitaplar we audiokitaplar bilen onlaýn tertipde tanşyp bilerler. Amerikan merkeziniň kitaphanasynyň ulanyjylary, Amerikan merkezine gelip “Overdrive / Libby” sahypalaryndan peýdalanmak üçin öz hasabyny açyp bilerler. Şeýle hem, sanly kitaphana portaly barada öwrenmek üçin eLibraryUSA tanyşdyrmalara gatnaşyp bilerler. Bu çeşmelerden islendik ýerde peýdalanyp bolýar.
ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň resmi IMO (+99363 598135), “Instagram” (@usembassyashgabat) we “Facebook” (usembassy.turkmenistan) hasaplaryna ýazylmak arkaly mümkinçiliklerden, maksatnamalardan we çärelerden habarly bolup bilersiňiz! Goşmaça maglumat üçin AmericanCenterAshgabat@state.gov elektron poçtasy arkaly ýa-da +99312473506 telefon belgisi arkaly habarlaşmaly.