Saud Arabystanynyň çempionatynda 26-njy tapgyrda 2-nji ýerdäki “Al Nassr” topary myhmançylykda aşaky orunlarda barýan “Abha” toparyndan 8-0 hasabynda üstün çykdy. Duşuşykda super ýyldyz Kristiano Ronaldo 3 gol geçirip, bassyr 2-nji duşuşygynda het-trik etmegi başardy. Ol duşuşygyň 11-nji, 21-nji hem-de 42-nji minutlarynda tapawutlandy. Eýýäm 1-nji ýarymda 5-0 öňe saýlanan “Al Nassr” toparynyň portugaliýaly ýyldyzy 2-nji ýarymyň başynda oýundan çykaryldy. 39 ýaşyndaky futbolçy 1 goluň pasyny hem berdi. Duşuşykdaky beýleki gollary Sadio Mane (33), Abdulmajid Al-Sulaihim (44), Abdulrahman Garib (51) hem-de Abdulaziz Al-Aliwa (63, 86) geçirdi.

Şunlukda, Kristiano Ronaldonyň het-trikleriniň sany 65-e ýetdi. Ol geçiren gollarynyň 2-sini jerime urgusyndan derwezä girizdi. Onuň jerime urgusyndan geçiren gollarynyň sany 63-e ýetip, bu görkeziji boýunça onuň Lionel Messiden 2 gol azlyk edýär. Het-trikler boýunça bolsa Messiden (57 het-trik) ep-esli öňe saýlanan Ronaldo mundan öňki tapgyrda-da “Al Nassryň” öz meýdançasynda “Al-Tai” toparyny 5-1 hasap bilen ýeňen duşuşygynda-da 3 gol geçiripdi. Ronaldo soňky gezek 2015-nji ýylda yzly-yzyna 2 het-trik edipdi.

Ronaldonyň şu möwsümde çempionatda geçiren gollarynyň sany 29-a ýetip, ol sanawyň başyny çekýär. Ronaldo umumylykda “Al Nassr” toparynda 60 oýunda 56 gol geçirip, 14 goluň pasyny berdi.