Ýewropa Bileleşigi bilen Hytaý gibrid we elektrik ulaglarynyň söwdasy boýunça ylalaşyga geldiler. Bu barada Hytaýyň Söwda ministrliginiň resmi wekiline salgylanyp, Hytaýyň habar beriş serişdeleri mälim etdiler. Gazanylan ylalaşyklar söwda dartgynlylygyny azaltmaga, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hem-de söwda we maýa goýumlar üçin durnukly şertleri döretmäge gönükdirilendir. Degişli beýanat Hytaý bilen Ýewropa Bileleşiginiň söwda we maýa goýumlary boýunça geňeşmesiniň nobatdaky mejlisiniň jemleri boýunça berildi. Bu çäre daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde gepleşikleriň jikme-jiklikleri barada maglumatlaryň peýda bolmagy bilen baglylykda geçirildi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar özara hormat goýmak we deňhukuklylyk ýörelgeleri esasynda giňişleýin pikir alşyp, söwda-ykdysady meseleleri iki tarapyň hem bähbitlerini göz öňünde tutmak arkaly çözmäge çalyşdylar. Gibrid ulaglar boýunça taraplar hakyky maglumatlara esaslanmak we Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG) düzgünlerini berjaý etmek ýaly üç esasy ýörelgäni tassykladylar. Şeýle hem Hytaý önümlerine garşy ýörite çäreleriň görülmejekdigi we Hytaýa berilýän kwotalaryň beýleki ýurtlaryňkydan pes bolmajagy bellenildi. Mundan başga-da, Hytaý Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG) çägindäki ähli hukuklaryny, şol sanda jedelleri çözmek mehanizmine ýüz tutmak hukugyny doly saklaýar.
“Eurostat” gullugynyň maglumatlaryna görä, Ýewropa Bileleşigi 2024-nji ýylda Hytaýdan 107 müň, 2025-nji ýylda bolsa 302 müň gibrid ulag import etdi. Gazanylan täze ylalaşyk bu görkezijiniň mundan beýläk hem durnukly artmagyna we Hytaý kompaniýalarynyň eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge şert döredýär. Elektrik ulaglary boýunça bolsa taraplar Ýewropa Bileleşiginiň subsidiýalar boýunça geçirýän barlaglarynyň çäginde işleşmegi dowam etdirerler. Şunda taraplar kompaniýalaryň önüm bahalary boýunça borçnamalaryny we beýleki meseleleri täzeden seretmek üçin gepleşikleri geçirmegi meýilleşdirýärler.
PDF








