Müsüriň Prezidenti Abdel Fattah as-Sisi Wekiller palatasynyň (parlament) agzalarynyň öňünde kasam kabul edip, üçünji gezek döwlet Baştutany wezipesine girişdi. Müsüriň täze administratiw paýtagtynda geçirilen bu çäre Prezidentiň diwanhanasy tarapyndan ýaýlyma berildi.
2023-nji ýylyň 18-nji dekabrynda Müsüriň saýlaw topary as-Sisiniň 10-12-nji dekabr aralygynda Müsürde geçirilen Prezident saýlawlarynda 90 göterime golaý ses alyp, ýeňiş gazanandygyny habar berdi. Müsüriň daşynda we içinde geçirilen umumy ses berişlikde, ses bermäge hukugy bolan, takmynan, 67 million raýatdan 39 million 702 müň 451 müsürli häzirki Prezidente ses berdi. Müsüriň Prezidentiniň ygtyýarlyk möhleti alty ýyl. Saýlawlarda as-Sisi üçünji gezek öz dalaşgärligini öňe sürdi. Ýurduň Konstitusiýasyna laýyklykda, ol şundan soň saýlawlara gatnaşyp bilmeýär.