Golaýda Hytaýyň Çançun şäherindäki ýörite liniýada “CRRC Changke” kompaniýasy tarapyndan wodorod ýangyjy bilen işleýän otly synag edildi. Synaglarda otlynyň tizligi sagatda 160 kilometre ýetdi. Bu barada ýurduň “Sinhua” habarlar gullugy habar berýär. Inženerleriň pikiriçe, bu “demir ýol ulaglary pudagynda wodorod energiýasyndan peýdalanmakda täze öňe gidişlikdir”.
Wodorod otlulary bir gezek guýlan ýangyç bilen 800-1000 kilometr aralygy geçip bilýärler. Wodorod bilen işleýän otlularyň birnäçe artykmaçlygy bar. Olar dizel ýangyjyndan tapawutlylykda, zyýanly gazlary howa goýbermeýärler. Şeýle hem, olar sessiz işleýändigi bilen tapawutlanýar.
Häzirki wagtda Hytaý wodorod ýangyçly ulaglaryny işjeň ösdürýär. Ýurduň wodorod ýangyçly ýük awtoulaglarynyň, awtobuslaryň, taksileriň we ýeňil ulaglaryň parkyny döretmek baradaky uly maksatnamalary bar. Wodorod ýangyjy bilen işleýän otlular Germaniýa, Fransiýa, Ýaponiýa we Günorta Koreýa ýaly beýleki ýurtlarda hem synagdan geçirilýär.