1975-nji ýylyň 4-nji aprelinde Bill Geýts bilen Pol Alleniň hyzmatdaşlygynda ABŞ-nyň Nýu-Meksiko ştatynyň Albukerke şäherinde “Microsoft” kompaniýasy esaslandyrylýar. Kompýuter üpjünçiliginde dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň biri bolan “Microsoft Corporation” uzak ýyllaryň dowamynda kompýuter tehnologiýasynyň ösmegine hem-de bu hasaplaýyş enjamynyň dürli ugurlarda ulanylmagyna, şol sanda çagalaryň öwrenmegine uly goşant goşdy. Häzirki wagtda tehnologiýa ägirdiniň ştab-kwartirasy Waşingtonyň Redmond şäherinde ýerleşýär. “Microsoft” “Alphabet” (“Google”-a eýeçilik edýär), “Amazon”, “Apple” we “Meta” (“Facebook”-a eýeçilik edýär) bilen bir hatarda bäş sany iri amerikan tehnologiýa kompaniýasynyň hatarynda durýar.